Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine Gutlagy

00:1318.01.2016
0
4990

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň hormatly harby gullukçylary we işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň döredilmeginiň sekiz ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriňizde size uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy onuň beden hem-de ruhy taýdan sagdynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, merdana halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde berkarar döwletimizde raýatlarymyzy döredijilikli we halal zähmet çekmäge höweslendirmek, zyýanly endiklerden goramak boýunça köp işler edilýär. Bu asylly işe Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy hem mynasyp goşant goşýar. Gullugyň işgärleri mukaddes borjuny ak ýürek bilen ýerine ýetirip, Garaşsyz Watanymyzyň we    mähriban    halkymyzyň   bähbitleriniň   goragynda   durmak, ýurdumyzyň bedew bady bilen hemmetaraplaýyn ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda uly işleri alyp barýarlar. Olar öz gulluk borçlaryny ata Watan üçin şirin janyny orta goýan merdana pederlerimiziň göreldesine eýerip, edermen halkymyzyň mertliginden we gaýduwsyzlygyndan görelde alyp berjaý edýärler.

Edermen harby gullukçylar!

Garaşsyz Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolmak bilen, neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barýar. Sagdyn jemgyýetimiziň berkararlygyny üpjün etmekde, watansöýüji we sagdyn nesli kemala getirmekde giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Merdana ata-babalarymyz neşekeşligi berk ýazgarypdyrlar. Bu ýaramaz endige garşy göreşipdirler. Häzirki wagtda bu ýowuz nogsanlyga garşy döwlet derejesinde barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Neşekeşlikden, arakhorlukdan we temmäki tüssesiniň zyýanly täsirinden saplanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmäge, arassa we netijeli zähmet çekmäge ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Adamlaryň zyýanly endiklerden saplanmagy üçin yzygiderli wagyz-nesihat we düşündiriş işleri geçirilýär.

Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň bu ugurda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri uly hormata mynasypdyr. Şonuň üçin hem, berkarar döwletimiz tarapyndan gullugyň işini kämilleşdirmek üçin ähli tagallalar edilýär. Onuň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, harby gullukçylarynyň we işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş hem-de iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.

Nesip bolsa, biz şu ýyl Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris. 2016-njy ýyl «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa bütin halkymyzyň öňünde, şol sanda hormatly harby gullukçylar, siziň öňüňizde hem belent wezipeleri goýýar. Siziň şu wezipelerden ugur alyp, merdana pederlerimizden miras galan Watana wepalylyk, harby kasama ygrarlylyk, mukaddes borjy ak ýürekden we halal ýerine ýetirmek ýörelgelerine eýerip, geljekde hem eziz Diýarymyzy özgertmäge, ýurdumyzyň asudalygyny, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge uly goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly gullugyň harby gullukçylary we işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň döredilmeginiň sekiz ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes harby borjuňyzy abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 

 Gurbanguly Berdimuhamedow. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň