Soňky habarlar

Arhiw

"Galkan" - Türkmenistanyň hokkeý çempionyň birinji aýlawynyň öňdebaryjysy

00:0618.01.2016
0
7339

Şu günler 2015 — 2016-njy ýylyň möwsüminde hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär. Hokkeý boýunça ýaryşlar paýtagtymyzyň iki buzly meýdançasynda — Gyşky görnüşler sport toplumynda we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň  sport toplumynda geçirilýär. Baýrakly orunlar ugrunda 6 topar — ýurdumyzyň häzirki çempiony “Galkan”, şeýle hem “Şir”, “Oguzhan”, “Nesil”, “Watançy” we “Alp Arslan” toparlary bäsleşýärler.

Deslapky oýunlar iki aýlawda geçiriler. Olaryň netijeleri boýunça güýçli toparlaryň dördüsi kesgitleniler. Olar çempionatyň baş baýrak ugrundaky ýaryşlary dowam ederler, toparlaryň her biri 5 duşuşyk geçirer. Olaryň ikisi finalda altyn medal ugrunda güýç synanyşar. Şunda toparlaryň biri ýeňiş gazanmak üçin öz bäsdeşini üç gezek utmalydyr.

Ilkinji aýlawyň oýunlaryndan soň “Galkan” topary öňde barýar, toparyň hokkeýçileri öz esasy bäsdeşi — “Şir” toparyny utdular. Toparlaryň ikisi hem çempionatyň dört tapgyrynyň dowamynda bir gezek hem ýeňlişe sezewar bolman, her biri 12 utuk toplady. Birnäçe ýagdaýlara görä “Şir” toparynyň hokkeýçileriniň üçüsi oýna gatnaşmady, munuň özi duşuşygyň netijesine gönüden-göni täsir etdi, şonda Türkmenistanyň iki gezek çempiony ynamly ýeňiş gazandy.

Häzirki wagtda “Galkan” 15 utuk bilen birinji orunda barýar. Ikinji orny “Şir”, üçünji we dördünji orunlary degişlilikde “Nesil” (9 utuk) we “Oguzhan” (6 utuk) eýeleýärler. Diňe bir gezek ýeňiş gazanmagy başaran “Watançy” we häzire çenli utuk alyp bilmedik “Alp Arslan” toparlary soňky orunlary eýeleýärler.

Türkmen hokkeýçileriniň tomaşaçylary diňe bir owadan oýun bilen däl-de, eýsem netijeler bilen hem begendirýändigini bellemek gerek – birinji aýlawyň oýunlarynda (15 duşuşyk) 219 hokkeý topy geçirildi. Häzirlikçe, “Nesil” toparynyň hüjümçisi Pirmämmet Gylyçmämmedow 17 gezek derwezä dürs urup, öňde barýar. Ikinji orunda Baýmyrat Baýmyradow (“Oguzhan”, 15 hokkeý topy), her biri 9 hokkeý topuny geçiren Anatoliý Lýurtaýew (“Şir”) we Pawel Barkowskiý (“Galkan”) üçünji we dördünji orunlary paýlaşýarlar.

Hokkeý boýunça 2015—2016-nji ýyllaryň möwsüminde geçirilýän Türkmenistanyň üçünji çempionatynyň ikinji aýlawy 19-njy ýanwarda başlanýar. IIM-niň sport toplumynda “Oguzhan” we “Galkan” toparlary duşuşarlar. Ýurdumyzyň birinjiliginiň ýedinji tapgyryndan soň arakesme bolar, sebäbi hokkeýçiler Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan ýaryşlara taýýarlyk görerler. Sekiz toparyň gatnaşjak bäsleşikleri 11—19-njy fewral aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň