Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy

21:1116.01.2016
0
2824

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzinini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Şeýle hem Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümi bolan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Owganystandan we Gyrgyzystandan gelen işewürler “B” kysymly karbamidi we “A” kysymly tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, buýan köküniň ergini, nah ýüplügi, pagta süýümi, portlandsementi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar:  Russiýa, BAE, Türkiýe, Şweýsariýa, Serbiýa, Ukraina, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-den, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 967 müň manatdan gowrak bolan saryja goýunlarynyň ýüňüni we nah ýüplügi satyn aldylar.

 “Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň