Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana getirilýän harytlaryň hili berk gözegçilige alnar

02:3616.01.2016
0
1446

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutany  soňky wagtda ýurdumyza beýleki döwletlerden aýry-aýry ýaramaz hilli harytlaryň getirilişiniň artandygyny aýtdy.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna bilelikde ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän önümleriň hiline gözegçilik çärelerini güýçlendirmek meseleleri boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy. Eger ýolbaşçylardan başga-da kim gerek bolsa, çagyryň-da, şu meseläni ara alyp maslahatlaşyň diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutany gysga wagtyň içinde bu mesele bilen bagly hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna Mejlisiň Başlygynyň ünsüni çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ilkinji nobatdaky wezipeleri, şol sanda ýurdumyza getirilýän temmäki önümleriniň hiline gözegçilik ulgamyny güýçlendirmek boýunça wezipeleri kesgitledi hem-de bu çäreleriň esasy maksadynyň ilatyň saglygyny goramakdan ybaratdygyny nygtady.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bazarynda döwlet gözegçiligi barada görkezmeleri şu düzgünleri gurşap aldy.

Birinjiden, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyza getirilýän çilim we beýleki temmäki önümleri görnüşindäki ähli harytlary getirmek hem-de ýerlemek üçin ygtyýarnamany diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bermeli.

Ikinjiden, Daşary ýurtlardan getirilýän temmäki önümleri üçin ilkinji güwänamany Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, soňra bolsa, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bermeli. Şeýle etmek bilen, bu işe ikitaraplaýyn gözegçiligi ýola goýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň