Ak ekinleriň gyşky idegi talabalaýyk

02:0516.01.2016
0
1380

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, häzirki gyş möwsüminde Türkmenistanda ak ekinlere ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Hususan-da, ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we haşal otlara garşy göreş işleri dowam edýär

Gowaça ekişine taýýarlygyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda sürüm işleri alnyp barylýar. Toprak mineral dökünler bilen gurplandyrylýar hem-de ýerlerde tekizleýiş ileri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, tehnikalary we tohumlyk serişdeleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça ýöriteleşdirilen biokärhanalaryň 379-synda degişli çäreler görülýär.

Şeýle hem Türkmenistanda gök we bakja önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen köp sanly çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň etraplarynda we daýhan birleşiklerinde degişli oba hojalyk ekinleri ekmäge niýetlenen ýerler kesgitlenildi we tehnikalary, tohum serişdelerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň