Türkmenistanyň 2015-nji ýylda iň güýçli türgenleriniň onlugy yglan edildi

00:1816.01.2016
0
21195

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti 2015-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy türgenleriniň onusyny kesgitledi. Olaryň hataryna köplenç sportuň milli göreş, dzýudo, sambo, erkin we grek-rim görnüşleri boýunça türgenler girizildi. Olar tutuş ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sport söýüjilerini iri halkara bäsleşiklerinde, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlarynda gazanan köpsanly ynamly ýeňişleri bilen begendirdiler. Iň gowularyň sanawynyň başyny kim başlaýar.

Gülbadam Babamyradowa

Indi, ikinji ýyl yzly-yzyna birinji orny halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa eýeläp gelýär, ol dzýudo boýunça ýaryşlarda birsyhly ýokary netijeler gazanmak babatynda tapawutlanýar. Hususan-da, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Gapur Babakulyýewyň we Çemengül Geldibaýewanyň tälim berýän türgeni geçen ýylyň tomsunda Hytaýyň Taýpeý şäherinde guralan Aziýanyň açyk çempionatynda ýeňiji boldy.

Lebap welaýatyndan türgen zenan geçen ýylda gazanan esasy üstünliklerini “Gran-pri” tapgyrlarynda dzýudo boýunça oktýabr aýynyň başynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen ýaryşda birinji orny eýelemek we noýabr aýynda Hytaýyň Sindao şäherinde geçirilen ýaryşlarda ikinji orny eýelemek bilen gazandy. Şeýle hem ol Gazagystanda we Kuweýtde geçirilen dünýä we Aziýa çempionatlarynyň jemleri boýunça iň güýçli türgenleriň bäşligine girizildi.

Zehinli türgen gazanan ýokary sport netijeleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy, häzirki wagtda dünýä derejesinde 1171 utuk bilen 10-njy orny, olimpiýa hasabynda 954 utuk bilen 11-nji orny eýeleýän Gülbadamyň Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherinde şu ýylyň tomsunda geçiriljek Olimpiada gatnaşjak türgenleriň hatarynda çykyş etmegi çaklanylýar. Munuň üçin G.Babamyradowa öňde boljak iri halkara bäsleşiklerinde hem ýokary görkezijileri saklap galmak zerurdyr. “Gran-pri” tapgyrynda ýene-de iki gezek dzýudo boýunça synag ýaryşlary geçiriler. Şol ýaryşlaryň birinjisi 20-25-nji ýanwar aralygynda Kubanyň paýtagty Gawanada, ikinjisi bolsa mart aýynda Tbiliside bolar. Maý aýynda bolsa Meksikanyň paýtagty Mehikoda dünýäniň dzýudoçylary Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda halkara ýaryşynda tutluşarlar.

Geldimyrat Toýlyýew

Ýurdumyzyň iň gowy türgenleriniň sanawynda aşgabatly türgen Geldimyrat Toýlyýew ikinji orny eýeleýär. Onuň iýun aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen boks boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe bolmagy şeýle ýokary derejäni almagyny üpjün etdi.

Beknazar Annaorazowyň tälim berýän 16 ýaşly türgeni 80 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, geçiren üç tutluşygynyň ikisinde ynamly ýeňiş gazanmak bilen şeýle üstünlige eýe boldy. Şonda Geldimyrat utuk hasaby boýunça ýaryşyň ýer eýeleriniň toparynyň wekilinden sähelçe yza galyp, ikinji orny eýeledi.

Halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş edýän türgen üçin Aziýa çempionatynda ikinji orny eýelemek uly üstünlikdir. G.Toýlyýew geçen ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde ýeňiş gazanyp, milli ýetginjekler ýygyndy toparynyň düzümine girizildi. Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzasy bolup galmak üçin oňa paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda 13-17-nji ýanwar aralygynda geçirilýän ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky ýaryşda iň güýçli boksçy diýen ada eýe bolmak gerekdir.

 

 

 Batyr Hojamuhammedow

Iň gowy on türgeniň sanawynda ýetginjek türgen Batyr Hojamuhammedow üçünji basgançagy eýeleýär. Ol dzýudo boýunça ýokary netijeleri görkezdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Altyýewyň tälim berýän türgeni, ýetginjekleriň arasynda oktýabr aýynda Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe boldy. Medallar ugrunda 20-den gowrak ýurtlardan 170 töweregi türgen gatnaşdy. Şonda ol 90 kilograma çenli agram derejede ýetginjekler toparynda ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby 3 tutluşyk geçirip, ilki mongol türgenini ynamly ýeňdi, soňra ýarym finalda özbek dzýudoçysyndan üstün çykdy we finalda çekeleşikli bäsleşikde Täjigistanyň wekilinden asgyn geldi.

2016-njy ýylda ýetginjekler toparyndan çykyp, ulularyň ýygyndy toparyna girýän Batyr dzýudo boýunça birnäçe synag halkara ýaryşlarynda Braziliýada geçiriljek Olimpiada ýollanma almak ugrunda güýç synanyşmaly bolar. Ol Kubada şeýle hem 4-10-njy fewral aralygynda Fransiýada geçiriljek “Gran-pri” tapgyrynda çykyş eder.

 

 

Diýar Hojaýew

Sanawyň dördünji basgançagyny adaty karateniň ussady Diýar Hojaýew eýeleýär. Ol ýylyň dowamynda geçirilen iri haklara ýaryşlarynda  tapawutlandy, olaryň hatarynda fudokan-karate boýunça dünýä çempionatyny görkezmek bolar. Dünýä çempionatyna 36 ýurtdan bir ýarym müňe golaý türgen gatnaşdy. Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen bu ýaryşda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewiň tälim berýän türgeni 3 medala: ilkinji anyk urga çenli dowam edýän görnüş boýunça 1 altyn medala hem-de 21-34 ýaşly türgenleriň toparynda şahsy bäsleşikde we toparlaýyn kumitede 2 bürünç medala eýe boldy.

D.Hojaýewiň noýabr aýynda Tolýatti şäherinde Russiýanyň açyk kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi has ýatda galyjy boldy. Şonda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby iki altyn we bir kümüş medaldan başga-da, “Iň çalt ýeňiş” ugry boýunça täze dünýä rekordyny goýdy: ol bäsdeşleriniň birini eýýäm tutluşygyň 7-nji sekundynda ýeňmegi başardy. Türkmenistanly türgen ilkinji jaýdar urgusy bilen garşydaşyny ýykdy. Şeýlelikde, Diýar öňki dünýä rekordyny 4 sekunt gysgaltmagy başardy. Bu ajaýyp üstünligi üçin ol hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Indi dünýäniň rekordsmeni fudokan-karate boýunça şu ýylyň oktýabr aýynda Hindistanda geçiriljek halkara ýaryşyna taýýarlyk görýär. Dünýäniň iň güýçli türgenleriniň gatnaşjak bu abraýly sport bäsleşiginiň çäklerinde, oňa gatnaşyjylar üçin okuw maslahatlary we tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik çäreleri geçiriler. Şol ýaryşlarda dünýäniň belli karateçileri başa-baş tutluşyklarda we toplumlaýyn maşklar boýunça baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler.

Elnur Açylow                           Süleýman Welliýew

2015-nji ýylyň iň gowy türgenleriniň sanawynyň bäşinji we altynjy basgançaklaryny erkin göreş boýunça Elnur Açylow we grek-rim göreşi boýunça Süleýman Welliýew eýeleýär. Türgenleriň ikisi hem iýul aýynda Mýanmanyň paýtagty Neýpido şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda 120 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medaly gazanmak bilen tapawutlandylar.

Elnur üçin bu Aziýa çempionaty ýetginjekleriň toparynda çykyş etmeginiň tamamlanmasy boldy. Indi Lebap welaýatyndan bolan türgen Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ylýas Nepesowyň we Seýdylla Baýmyradowyň ýolbaşçylygynda halkara ýaryşlarynda ulularyň toparynda çykyş eder.

Aşgabatly türgen Süleýman Welliýewiň bu çempionatda gazanan ýeňşi onuň ilkinji üstünligi däldir. Ol 2012-nji ýylda kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala eýe boldy. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndy toparynyň ilkinji baýdak göterijisi, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny artdyrýar.

Şu günler E.Açylow we S.Welliýew Braziliýada geçiriljek Olimpiada ýollanmalary almak ugrunda öňde boljak synag bäsleşiklerine taýýarlyk görýärler. Fewral aýynyň başynda Türkiýede, mart aýynda bolsa Gazagystanda “Gran-pri” tapgyrynyň halkara ýaryşlary geçiriler.

Ahmet Ataýew

Sanawda ýedinji orny “Altyn asyr” futbol toparynyň ýarym goragçysy Ahmet Ataýew eýeleýär. Iki ýyl mundan ozal paýtagtymyzyň toparyna çagyrylan futbolçy eýýäm Türkmenistanyň ýokary ligasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda geçirilen çempionatlarynda iki gezek ýeňiji boldy. Mundan başga-da, Ahmet bu toparyň düzüminde geçen ýyl ýurdumyzyň Kubogynyň hem-de Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldy.

Ýarym goragda oýnaýan futbolçynyň esasy wezipesi meýdançanyň merkezi böleginde pökgä gözegçilik etmekdir. Emma A.Ataýew öz derwezesini goramakda bolşy ýaly, hüjümde hem öz toparyna işjeň kömek edýär: 2015-nji ýylyň dowamynda ol derwezä 11 gezek pökgi geçirmegi başardy.

A.Ataýew “Altyn asyr” toparynyň hem, milli ýygyndy toparyň hem kapitanydyr. Geçen ýyl 2018-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň hemmesine (7 duşuşyk) gatnaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň iki gezek çempiony mart aýynda badalga aljak nobatdaky möwsüme taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň çempionatynyň öň ýanynda “Altyn asyr” topary Türkiýe Respublikasynda

okuw-türgenleşik taýýarlygyny geçer.

Tejen Tejenow

Sekizinji orny sambo boýunça halkara derejeli sport ussady Tejen Tejenow eýeleýär. Ol dünýä we Aziýa yklymy derejesindäki dürli ýaryşlarda köpsanly ýeňişleri gazandy. Dünýä çempionatynda we dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda ol 82 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, iň güýçli samboçylaryň üçlügine girmegi başardy. Bu ýaryşlar degişlilikde Kasablankada (Marokko) we Minskide (Belarus) geçirildi.

Aziýa yklymy derejesinde geçirilen ýaryşlarda ýaragsyz özüňi goramak boýunça türkmen türgenine taý tapylmady. Muny Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Aziýa—2014 çempionaty hem görkezdi, şonda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň tälim berýän türgeni birinji orna mynasyp boldy.

Her ýyl sportuň bu görnüşini esaslandyryjy A.Harlampiýewiň ýadygärligine geçirilýän sambo boýunça iri halkara ýaryşy hem dünýä çempionaty bilen deň derejeli hasap edilýär, oňa gatnaşmak üçin Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde dünýäniň iň güýçli samboçylary ýygnanýar. Olaryň hatarynda çykyş eden Tejen Tejenow geçen ýyl bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň wekiliniň tomusda Germaniýanyň Haýdenau şäherinde geçirilen “Saksoniýanyň kubogy” halkara ýaryşynda gazanan üstünligini hem onuň 2015-nji ýylda ýeten sepgitleriniň biri diýip bellemek bolar.

Ýusup Atabaýew

Iň gowy türgenleriň sanawynda ýurdumyzyň zehinli küştçüleriniň biri, halkara ussady Ýusup Atabaýew dokuzynjy orny eýeleýär. Geçen ýylyň iýun aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen Aziýanyň zonal çempionatynda türkmenistanly ýaş küştçi tejribeli ussatlar, grossmeýsterler bilen çekeleşikli bäsleşikde mümkin bolan dokuz utukdan ýedi utuk toplap, alty döwde ynamly ýeňiş gazandy, iki duşuşykda deňme-deň oýnady we birinde utuldy hem-de Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga ýollanma aldy.   

Ol gazagystanly grossmeýster Rinat Jumabaýew bilen duşuşykda şowsuzlyga sezewar boldy. Çempionatyň iň uzaga çeken (6 sagatdan gowrak) bu döwünde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň tälim berýän küştçüsiniň goýberen ýeke-täk ýalňyşy ildeşimiziň birinji orna çykmagyna böwet boldy. Emma Ýusup dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanyp, onda şowly çykyş etdi.

 

 

 

Rejebaly Orazalyýew

Onlugyň soňuny guşakly göreş boýunça ussat Rejebaly Orazalyýew jemleýär. Ol geçen ýylyň dekabr aýynda Russiýanyň Orenburg şäherinde türkmen göreşi boýunça ikinji çempionatynyň we guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynyň barşynda  göreşleriň iki görnüşi boýunça hem 100 kilogramdan ýokary agram derejede ynamly ýeňiş gazandy.

Häzirki wagtda Rejebaly dünýä derejesindäki täze ýeňişlere taýýarlyk görýär we geçen ýylky üstünligini gaýtalamaga synanyşar. Türkmen türgeniniň pikirine görä, hemme, hatda iň iri halkara bäsleşikleri-de onuň özi üçin indiki ýyl türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrydyr. Bu toplumlaýyn ýaryşlaryň maksatnamasyna milli göreş hem, guşakly göreş hem girizilendir, onda türkmenistanlylaryň iň gowy tarapdan tapawutlanjakdyklaryna P.Orazalyýew berk ynanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň