«Mekan» köşgünde «Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuşyň kepili» atly maslahat geçirildi

0
473
2
1

14-nji ýanwarda  Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgesiniň meselelerine bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň,  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ähli welaýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri,  medeniýet hem-de sport ulgamynyň işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu çäräniň esasy maksady Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlara tarap ýolunda häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde ruhy we beden taýdan sagdyn, sazlaşykly nesli kemala getirmegiň esaslaryny goýmakda gazanan uly üstünliklerini wagyz etmekdir.

Maslahat Türkmenistana bikanun getirilen uly möçberli temmäki önümleriniň ele salnyşy, hususan-da, ýeňil eklenje kowalaşyp, kanun tarapyndan gadagan edilen harytlary getiren we soňra eden etmişlerine ökünen hannaslaryň birnäçesini saklamak boýunça geçirilen çäreler barada gürrüň berýän wideoroligiň görkezilmegi bilen başlandy.

Maslahatda çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi wagyz edip, ýurduň ertiri üçin sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Çykyşlarda  özygtyýarly Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy barlyşyksyz we aýgytly göreşi döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde kesgitlemeginiň köp ýurtlar üçin göreldedigi nygtaldy.

Sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmak meselelerine bagyşlanan dabaraly ýygnaga gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň arasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, belli artistleri aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Maslahatyň barşynda ýurdumyzda işjeň häsiýete eýe bolan sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Wideofilmde adam saglygyna howp salýan, diýmek, milletiň geljegine zyýan berýän  neşe serişdeleriniň,  temmäki önümleriniň ýakylmagy, jenaýatçylykly ýol bilen baýamagy küý edinen adamlaryň jenaýatçylygynyň tutuş jemgyýet tarapyndan näletlenýändigini alamatlandyrýar.  

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru