Ahal ýaýlasynda neşe serişdelerini, temmäki önümlerini ýakmak çäresi geçirildi

0
832
5
0

14-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren birnäçe çäreleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, bikanun getirilen temmäki önümleri ýakyp, ýok etmek boýunça çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreş boýunça döwlet utgaşdyryjy topary hem-de Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan iri möçberli çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ähli welaýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular, talyp ýaşlar çagyryldy.

Çärä gatnaşyjylara dürli ölçegdäki ýörite haltalara gaplanan  neşe serişdeleri görkezildi, isleg bildirýänleriň her biri  öz elleri bilen neşe serişdeli gaplary, haltalary 800 — 1000 derejä çenli gyzdyrylan ýörite peçlere okladylar. Neşe serişdeleriniň arasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ele salnan döwletimiziň çäklerine  bikanun getirilen temmäki önümleriniň örän köp mukdarynyň bardygyny bellemeli.

Bu çäre bellenilen kadalara doly laýyklykda geçirildi — oňa başdan-aýak hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri, ýörite ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler.

Neşe serişdesini ýakmak çäresine gatnaşyjylar, hususan-da, BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Witaliýe Wremis  onuň uly ähmiýetini nygtap, dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy ygtybarly böwet goýmaga hem-de bu örän möhüm ugurda oňyn halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny goldaýandygyny  bellediler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru