Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

22:4313.01.2016
0
2381

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Stambul şäherinde  bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutany ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy. 

Mälim bolşy ýaly, 12-nji ýanwarda Türkiýäniň Stambul şäherindäki duralgalaryň birinde terror heläkçiligi ýüze çykdy. Heläkçiligiň netijesinde 10 adam aradan çykdy, 15 adam bolsa ýaralandy. Heläkçilige sezewar bolanlaryň aglabasy daşary ýurtly turistlerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň