Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda meýletinçilik hakynda kanun kabul edildi

11:1013.01.2016
0
1857

Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde we bu iri halkara ýaryşyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, şeýle hem ýaryşlary wagyz etmek maksady bilen, meýletinçilik we mahabat işi bilen baglanyşykly täze kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisinde milli parlamentiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegi döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň we türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyň goraglylygynda, şeýle hem ýurdumyzyň bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine we onuň wagyz edilmegine gönükdirilen täze kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň