Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

10:4413.01.2016
0
4745

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisinde  döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň deputatlary bilen her ýylyň başynda geçirilýän duşuşygy boldy. Onuň barşynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Mejlisiň deputatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.

Döwlet Baştutanynyň Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda milli parlamentiň binasynda Mejlisiň ýolbaşçysynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň barşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna we halkara derejesine laýyk gelýän täze kadalaşdyryş-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň önümçilik we eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak, welaýatlary, Aşgabat şäherini mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakyndaky hasabatlar diňlenildi.

Soňra Mejlisiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Bu ýerde Türkmen döwletiniň Baştutanyny söz sözledi. Ol öz çykyşynda bu günki mejlisde serediljek kanunlardyr kararlaryň taslamalary barada aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyndan soň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ähli deputatlaryň adyndan yzygiderli üns berýändigi we möhüm döwlet maksatnamalaryny, oňyn demokratik ýörelgeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işe ýokary baha berendigi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň  Mejlisiniň deputatlarynyň döwlet Baştutanymyzyň aýdan belliklerini nazarda tutup, milli döwletliligi mundan beýläk-de berkitmäge, Watanymyzyň ykdysady, durmuş we medeni taýdan sazlaşykly ösüşine, onuň halkara abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanyny ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň