Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň 12-nji mejlisinde täze kanunlar, kararlar kabul edildi

23:5712.01.2016
0
8652

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, 12-nji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek babatda milli parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi, şeýle hem birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, deputatlar Türkmenistanyň “Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň döwlet goragy hakyndaky” Kanunynyň taslamasyna garadylar. Resminamada jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşýan adamlaryň we olaryň ýakyn garyndaşlarynyň, şol sanda prokurorlaryň we kazylaryň durmuşynyň, saglygynyň, namysynyň, abraýynyň we emläginiň goragyna gönükdirilen howpsuzlyk çäreleri, şeýle hem olara durmuş goldawy kesgitlendi.

Türkmenistanyň “Ýangyn howpsuzlygy hakynda” (rejelenen görnüşi) Kanunynyň taslamasy deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlendi. Onda ýangynyň öňüni almaga, ony  we  ýangynyň zyýanlaryny aradan aýyrmaga, şeýle hem ilat arasynda ýangyn howpsuzlygynyň esaslaryny düşündirmek we okatmak işlerini geçirmäge, ýangyny öçürmegiň hem-de jebir çekenlere ilkinji kömek bermegiň usullaryny öwretmäge gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş ylmy-tehniki çäreler kesgitlendi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ugurlaryny hasaba almak bilen durmuş syýasaty baradaky komiteti tarapyndan işlenip taýýarlanylan “Derman üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

 “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretmek bilen baglanyşykly meselelere geçmek bilen, bu ýere ýygnananlar resminamanyň jemgyýetde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ykrar edilmegine, raýatlaryň döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ýaş nesilleriň türkmen halkyna gadymy döwürlerden mahsus bolan watansöýüjilik, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendigini bellediler.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda”  Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlar etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”,  “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralara we beýleki obýektlere at dakmagyň we adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

“Edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Girdejiler üçin salgyt babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Hazar deňzinde söwda gämi gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky” Ähtnamany tassyklamak hakynda”  Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garamak mejlisiň gün tertibiniň möhüm bölegine öwrüldi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2016-njy ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň