Hepdäniň tehnologiýa täzelikleri

0
344
25
0

ELEKTRONIK ALYJYLAR ŞÜWELEŇI 2016


 Şu hepdäniň dowamynda, ýagny 6-9-njy ýanwar günlerinde ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde dünýäniň tehnologiýa söýüjileriniň iň uly şüweleňi “Consumer Electronics Show 2016” (Elektronik Alyjylar Şüweleňi 2016) uly dabara bilen geçirildi. 2.4 million inedördül metr meýdanda geçirilen şüweleňde dünýäniň uly tehnologik şereketleri özleriniň iň soňky täzelikleri bilen halky tanyşdyrmaga mümkinçilik gazandy. Bu ýerde sergä çykarylan elektrikli awtoulaglardan akylly enjamlara çenli müňlerçe harytlar geljekde biziň durmuşymyzda möhüm ýer aljak önümleriň hatarynda köpçülige hödürlendi.

 

 

3 MINUTDA 100 KM/SAG TIZLIK

Birnäçe wagtdan bäri durmuşymyzda giňden ulanylýan ýangyç bilen herekete getirilýän awtoulaglara alternatiw bolup biljek elektrik togy arkaly herekete gelýän ulaglary döretmek ugrunda dünýäniň iri şereketleri iş alyp barýarlar. Olaryň tagallalary bilen elektrik togy arkaly hereketlendirilýän ulaglary öndürmegiň gerimi barha giňeýär hem-de kämilleşdirilýär. Las Wegas şüweleňinde hem elektrikli ulaglaryň hataryna täze kysym goşuldy. “Faraday Future” atly täze ulag öndüriji şereketi “CES 2016” şüweleňinde “FFZERO 1” kysymly awtoulagyny köpçülige hödürledi. 1000 beýgir güýjündäki elektrik hereketlendirijisi bilen ünsi çeken bu awtoulag, 100 km/sagat tizlige 3 sekuntdan hem az wagtyň içinde çykmaga ukyplydyr. Şereketiň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, ulag doly güýjünde 320 km/sagat tizlige çenli çykyp bilýär. Täze ulag taslamasy taýyndan hem ünsi özüne çekýär. Bir adam üçin niýetlenen ulagyň kuzowynyň ýokarky bölegi doly aýnadan ýasalypdyr. Ulagyň oturgyjy sürüjiniň rahat ornaşmagy üçin amatly görnüşde ýerleşdirilipdir. Awtoulagyň dolandyryjysy bolsa ýaryş awtoulaglarynda bolşy ýaly, 2 sany tutulýan nokady arkaly ele ykjam ýerleşýär. Şereketiň wekili Stas Morris, häzirki wagtda täze kysymly ulagyň synag taýýarlyklarynyň doly tamamlanandygyny, ýakyn wagtda belli bir mukdarda satuwa goýberiljekdigini mälim etdi.

 

ROBOT MUŞDAKLARY ÜÇIN ELLIK

Robot tehnologiýasy ugrunda iş alyp barýan “Ziro” şereketi hem şüweleňde täze enjamyny köpçülige hödürledi. Şereket tarapyndan döredilen robotlaryň dolandyrylyşy üçin niýetlenen ellik hem-de hereketleri kabul ediş sensory köpleriň ünsüni özüne çekmegi başardy. Ellige bagly görnüşde işleýän bu sensor, ulanyjylaryň ähli hereketlerini kabul edýär. Ýerine ýetirilen hereketler baradaky maglumatlar kabul edilenden soň, sensoryň baglanyşdyrylan hereketlendirijileri işe başlaýar. Şol hereketlendirijiler hem robotlaryň hereketini sazlamaga ýardam berýär. Robotlaryň hereket arkaly dolandyrylmagy, aýratynp-da robotlaryny kämilleşdirmek isleýän muşdaklar üçin gaýtalanmajak sowgatdyr. “Ziro” şereketiniň wekiliniň mälim etmegine görä, täze ellik we hereketlendirijiler 149 amerikan dollaryndan satuwa çykarylar.

 

 

 

SÜRÜJINIŇ ÝERINE “Drive PX2”

Grafiki hereketlendirijileriň önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýalardan biri hasaplanýan “Nvidia” şereketi hem Las Wegas şüweleňine öz täzeligi bilen geldi. Şüweleňde köpçüligiň dykgatyna sürüjüsiz awtomobiller üçin niýetlenen “Drive PX2” atly kompýuterini hödürlän döreden şereket bu ugurda bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy maksat edinýär. Sürüjisiz awtoulaglaryň has kämil hereketini üpjün etmäge niýetlenilip döredilen enjam, 150 noutbuk kompýuteriniň güýjüni özünde saklaýar. 12 sany kameradan, radardan hem-de ultragyzyl şöhleler bilen işleýän sensorlardan kabul edip alan maglumatlary arkaly işlemäge ukyply bolan bu akylly enjamy, ilkinji bolup “Volvo” şereketi öz awtoulaglarynda ulanmagy maksat edinýär. Eger-de täze enjamyň önümçiligi şowlulyk gazansa, “Nvidia” ýakyn geljekde elektrik bilen hereketlendirilýän awtoulaglar ugrunda hem özüni tanatmagy niýet edinýär.

 

OTAG GÜLLERINE IDEG EDER

Kinniwanja howa ulaglarynyň önümçiligi bilen ünsi çeken “Parrot” şereketi hem bu şüweleňe öz sowgady bilen geldi. Ýagny, şereket otag güllerine ideg etmek üçin niýetlenen akylly enjamyny köpçüligiň dykgatyna hödürledi. Şahsy iş hem-de durmuş aladalaryndan ýaňa otag ösümliklerine ýeterlik derejede ideg etmäge wagty ýa-da mümkinçiligi bolmadyk ulanyjylar üçin garaşylmadyk sowgat bolan bu enjamda 22 litr suw guýmak üçin gaby hem-de dürli görnüşli sensor kabul edijileri göz öňünde tutulypdyr. Akylly telefon ýa-da tabletlere ýüklenýän ýörite programmasy arkaly dolandyrylýan enjam, internetiň üsti bilen otag gülleriňize ideg etmegiňize mümkinçilik berýär. Şereket tarapyndan mälim edilen maglumata görä, onuň bahasy ABŞ-nyň 100 dollaryna barabar bolar.

 

 

 

AWTOULAG ÖNDÜRIJILERIŇ GYZYKLANMASY

Akylly telefonlaryň ekranlary bilen awtoulaglary baglanyşdyrmakda esas bolup hyzmat edýän “Google Android Auto” we “Apple CarPlay” enjamlary şüweleňe gatnaşýan dünýäniň iri awtoulag şereketleriniň gyzyklanmasyny özüne çekdi. Berlen maglumatlara görä, “Fiat” şereketi şu ýylyň dowamynda “Android Auto” we “Apple CarPlay” akylly enjamlaryny öz awtoulaglarynda ýerleşdirmegi niýet edinýär. “Ford” şereketi bolsa 2017-nji ýylda bu täzeligi öz ulaglarynda ýerleşdirer. Şereketiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, “Ford” 2016-njy ýylda satuwa goýberiljek ähli ulag görnüşlerini ýylyň soňuna çenli täzelemegi göz öňünde tutýar. 2017-nji ýylyň başyndan başlap, öz ulaglarynda “UConnect” ulgamynyň deregine “Android Auto” we “Apple CarPlay” ulgamlary ýerleşdirilen ulag kysymlaryny satuwa çykarmagy maksat edinýär. Şeýle hem şüweleňde, ýapon esasly “Toyota” şereketi akylly telefonlar üçin döreden täze baglanyşyk ulgamyny mälim etdi. “SmartDeviceLink” atly bu baglanyşyk ulgamynyň şereketiň täze kysymly awtoulaglarynda köpçülige hödürlenmegine garaşylýar.

 

 

IÝMITI BARLAÝAN ENJAM

Las Wegas şüweleňinde köpçüligiň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolan hem-de uly seslenme döreden tehnologik enjamlardan biri hem fransuzlara degişli bolan “DietSensor” şereketi tarapyndan öndürilen “SciO” atly enjamy boldy. “Bluetooth” baglanyşygy arkaly telefonlar bilen “gürleşip bilýän” enjam çykarýan ultragyzyl şöhleleri arkaly naharlaryň ýa-da beýleki iýmitleriň üstünde barlag geçirip, himiki düzümini ölçeýär we akylly telefonyňyzyň üsti bilen size bu barada maglumat berýär. Diabet keselli näsaglara niýetlenilip döredilen enjam her bir adamyň iýmitleri kabul etmekden ozal, düzümi bilen tanyş bolmagyna ýardam edýär.

 

 

HIÇ ÝITMEJEK “FREEDOM”

Gündelik durmuşymyzda häli-şindi ulanýan tehnologik enjamlarymyzyň biri hem aýdym diňlenýän gulaklyklar bolup durýar. Ulanyjylar tarapyndan iň kän ýitirilýän enjamlaryň biri hem şular bolsa gerek. Ýagny, siziň her biriňiziň öz gulaklyklaryňyzy tapman, gynanmaga mejbur bolan bolmagyňyz mümkin. Indiden beýläk täze tehnologiýa esasynda öndüriljek gulaklyklar bolsa, size “wepaly bolar” we özüniň nirededigini habar berer. “Altec Lansing” şereketiniň döreden “Freedom” atly täze görnüşli gulaklygy ýerleşen ýerlerine baglylykda özüniň nirededigini duýmaga ukyplydyr. Gulaklyk ýitendigi barada maglumaty kabul edip alan pursatynda, awtomatik usulda akylly telefonyňyza habar ugratmak arkaly size özüniň nirede durandygyny ýatladyp bilýär. “Bluetooth” baglanyşygy bilen işleýän “Freedom” enjamynyň bahasy 149 amerikan dollaryna barabar bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru