Türkmenistanly futbol hünärmenleri Lionel Messiniň bäşini gezek "Altyn pökgä" mynasyp bolmagy üçin ses berdiler

10:1612.01.2016
0
6672

Ispaniýanyň «Barselona» toparynyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň 28 ýaşly hüjümçisi Lionel Messi 2015-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Ol bu ada duşenbe güni Sýurih (Şweýsariýa) şäherinde geçirilen dabarada mynasyp boldy.

Ýeri gelende aýtsak, Messi bu hormatly ada 5 gezek mynasyp bolan ýeketäk futbolçydyr. Mundan öň ol 2009, 2010, 2011, 2012-nji ýyllarda ýylyň futbolçysyna berilýän «Altyn pökgä» mynasyp bolupdy.

Bu gezek iň gowularyň üçlügine Messiden başga-da onuň topardaşy braziliýaly Neýmar we Madridiň «Real» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştiany Ronadu saýlandy. Ses berlişikde Messi sesleriň 41,33, Ronaldu 27,76, Neýmar 7,86 göterimini gazandy.

Ýylyň futbolçysynyň 2015-nji ýylda örän üstünlikli çykyş edendigini aýratyn nygtamak gerek. Geçen ýyl milli ýygyndynyň we «Barselonanyň» düzüminde jemi 42 gezek ýaşyl meýdana çykan hüjümçi 53 gezek tapawutlanmagy başardy. Şol sanda ol «Barselonanyň» düzüminde 34 duşuşyk geçirip, 49, milli ýygyndyda 8 duşuşyk geçirip, 4 gezek tapawutlandy. Messi 2015-nji ýylda topary bilen Ispaniýanyň çempionlygyny we Kubogyny, Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň Kubogy we Naýbaşy Kubogy gazandy hem-de klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda çempion boldy.

«Altyn pökgi» FIFA bilen « France Football» neşiriniň bilelikdäki baýragydyr. Ses berlişige FIFA agza döwletleriň baş tälimçileri, kapitanlary we sport žurnalistleri gatnaşýar.

Bu gezekki ses berlişige 167 sany baş tälimçi, milli ýygyndylardan 161 sany kapitan we dürli ýurtlardan 171 sany žurnalist gatnaşdy.

Ýylyň futbolçysyny saýlamak üçin Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Amangylyç Koçumow, kapitan Ahmet Ataýew we TDH-nyň sport žurnalisti, sport žurnalistleriniň Halkara Federasiýasynyň agzasy Aleksandr Werşinin dagylar ýurdumyz boýunça öz seslerini berdiler. Olaryň ählisi hem Lionel Messiniň ýylyň futbolçysy bolmagy üçin öz seslerini berdiler. Amangylyç Koçumow Lionel Messä, Luis Suarese we Arýen Robbene ses berse, Ahmet Ataýew Messä, Ronaldo we Neýmara ses berdi. A.Werşininiň ses beren üçlügi bolsa şu futbolçylardan ybarat: Messi, Neýmar, Suares.

Duşenbe güni beýleki baýraklaryň gowşurylyş dabarasy hem boldy.

Ýylyň iň gowy futbolçy zenany — Karli Lloýd («Hýuston», ABŞ).

Onuň bäsdeşleri: Seliýu Saşiç, («Frankfurt», Germaniýa), Aýu Miýamu ("Okaýama", Ýaponiýa).

K.Lloýd 2015-nji ýylda ABŞ-nyň milli ýygyndysy bilen birlikde zenanlaryň arasynda dünýäniňö çempiony boldy. Ol S.Saşiç bilen birlikde bu çempionatda 6 gezek tapawutlandy, şolaryň üçüsini bolsa final duşuşygynda Ýaponiýanyň zenanlar ýygyndysynyň derwezesinden geçirdi. Lloýd milli ýygyndy bilen 211 gezek ýaşyl meýdana çykyp, olarda 79 gezek tapawutlandy. Ol 2001-nji ýyldan bäri ýylyň iň gowy zenan futbolçysy diýlip yglan edilen 8-nji futbolçydyr.

Erkek futbolynyň iň gowy tälimçisi — Luis Enrike («Barselona»)

Onuň esasy bäsdeşleri «Bawariýanyň» baş tälimçisi Hosep Gwardiola bilen Çiliniň ýygyndysynyň baş tälimçisi Horhe Sampaoli boldy. Ses berijileriň 31, 08 göterimi Enrikä, 22,97 göterimi Gwardiola, 9,47 göterimi Sampaolä ses berdiler.

Enrike tälimçilik karýerasynda ilkinji gezek ýylyň iň gowy tälimçisi bolup gördi.

45 ýaşly tälimçi 2015-nji ýylda «Barselona» bilen Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny gazandy, Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň Kubogyna we Naýbaşy Kubogyna mynasyp boldy. Ýaňy ýakynda bolsa Kluplaryň arasyndaky dünýä birinjiliginiň çempiony boldy. 2010-njy ýyldan bäri berilýän bu baýraga öňki ýyllarda Žoze Mourinýu ("Inter", Italiýa/"Real", Ispaniýa), 2011 - Gwardiola ("Barselona"), 2012 - Wisente Del Boske (Ispaniýanyň ýygyndysy), 2013 - Ýupp Haýnkes ("Bawariýa"), 2014 - Ýoahim Lew (Germaniýanyň ýygyndysy) dagylar mynasyp boldy.

Zenan futbolynyň iň gowy tälimçisi — Jil Ellis (ABŞ-nyň ýygyndysy).

Onuň bäsdeşleri: Marka Sempson (Angliýanyň ýygyndysy), Norio Sasaki (Ýaponiýanyň ýygyndysy)

ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy 2015-nji ýylda Jil Ellisiň ýolbaşçylgyynda dünýä çempiony boldy. Olar final duşuşygynda Ýaponiýanyň ýygyndysyny 5:2 hasabynda ýeňdiler. J.Ellis ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysyna 2014-nji ýyldan bäri tälim berip gelýär. 2010 we 2013-nji ýyllarda Silwi Naýd (Germaniýanyň ýygyndysy), 2011-nji ýylda Sasaki, 2012-nji ýylda Pia Sundhage (ABŞ-nyň ýygyndysy), 2014-nji ýylda Ralfu Kellermannu ("Wolfsburg", Germaniýa) zenan futbolynyň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edilipdi.

 

 

Ýylyň iň owadan pökgüsi (baýrak Ferens Puşkaşyň hormatyna) — Wendell Lira («Goýaneziýa», Braziliýa).

Bäsdeşleri: Messi («Barselona») we Alessandro Florensi («Roma»)

2015-nji ýylyň martynda Braziliýanyň çempionatynyň dördünji dwiziýonynyň «Goýaneziýa» toparynyň futbolçysy Liranyň Goýas ştatynyň çempionatynda «Atletiko Goiýaniensiýe» toparynyň derwezesinden üstaşyr geçiren pökgüsi ýylyň iň owadan geçirilen pökgüsi diýlip ygaln edildi. Bu pökginiň dünýä ýyldyzlarynyň geçiren pökgülerini hem yzda galdyrmagy bolsa, hakykatdan-da, täsinlikdir.

FIFA-nyň Fair Play baýragy — 2015-nji ýyl üçin niýetlenen baýrak klublar we guramalar tarapyndan goldaw kömegi hökmünde berildi.

2015-nji ýylyň nusgalyk ýygyndysy:

Derwezewan – Manuel Noýer ("Bawariýa", Germaniýa),

goragçylar – Dani Alwes ("Barselona", Braziliýa), Týago Silwa (PSŽ, Braziliýa), Serhio Ramos ("Real", Ispaniýa) we Marselo ("Real", Ispaniýa);

ýarym goragçylar – Andres Inesta ("Barselona", Ispaniýa), Luka Modriç ("Real", Horwatiýa), Pol Pogba ("Ýuwentus", Fransiýa),

hüjümçiler – Neýmar ("Barselona", Braziliýa), Lionel Messi ("Barselona", Argentina) we Kriştianu Ronaldu ("Real", Portugaliýa).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň