Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýat gazeti tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

01:0312.01.2016
0
3346

Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat "Türkmen Gündogary" gazeti bilen Türkmenistanyň Demoktarik partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli makala, ýolgazgylary, kyssa eserleri we goşgy döretmek boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň dowam edýän döwründe redaksiýa welaýatyň dürli künjeklerinden hatly bukjalaryň ýüzlerçesi gelip gowuşdy. Olaryň arasyndan iň kämilleri saýlanylyp, Atamyrat etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy Ödegeldi Kulyýew, Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň medeniýet bölüminiň işgäri Babanyýaz Böriýew, Garaşsyzlyk etrabyndan pensioner Italmaz Hudaýberdiýew, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden Bagdagül Öräýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby Ýusup Mahemow we beýlekiler bäsleşigiň ýeňijisi diýlip ygaln edildi.

- Welaýat gazeti okyjylar bilen ýygy aragatnaşyk saklaýar. Şeýle döredijilik bäsleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli hem geçilipdi - diýip, "Türkmen Gündogary" gazetiniň baş redaktory Arzuw Hudaýberdiýewa öz çykyşynda nygtady. - Biz şeýle bäsleşikleri 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat geňeşi hem-de ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen birlikde Halkara zenanlar güni we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli hem geçirmegi meýilleşdirýäris - diýip, ol aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.

"Türkmen Gündogary" gazetiniň okyjylary gün-günden köpelýär. Bu günki gün onuň tiražy 47 müňden hem geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň