Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

00:5312.01.2016
0
2771

11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol bina edilýän dürli ähmiýetli gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy, ilkinji nobatda, ýakyn wagtda ulanmaga tabşyryljak desgalar barada habar berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen giňişleýin mejlisinde ähli ulgamlar boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglylykda edara-kärhanalarda guralýan çäreler hem-de welaýatyň oba hojalygynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan" gelip çykýan wezipelere laýyklykda, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalar, olarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de  ulanmaga tabşyryljak desgalar barada hasabat berdi.  

Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow sebitde işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň 2015-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň welaýaty mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olary Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň gününe ulanmaga bermegiň meýilnamalary barada habar berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitiň çäklerinde amala aşyrylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýakyn döwür üçin hereket etmegiň maksatnamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek maksadynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ýakynlaşyp gelýän Döwlet Baýdagynyň gününe gabatlanyp açyljak desgalar barada habar aýdyldy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde işleriň ýagdaýyna degişli meseleler boýunça hasabat berip, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda işlenip taýýarlanylan iş meýilnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitde Döwlet Baýdagynyň gününe gabatlanyp açyljak dürli ähmiýetli desgalarda işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda  geçirilen giňişleýin mejlisinde öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek boýunça iş meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan uly möçberli işler, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda ulanmaga tabşyrylmagy bellenilýän desgalarda işleriň barşy barada aýtdy.

Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutany ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ulgamlaýyn we anyk meýilleşdirilen bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli etraplaryň häkimleriniň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň