Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2015-nji ýylda ýurduň iň gowy oýunçysyny yglan etdi

01:0210.01.2016
0
11453

Paýtagtyň «Altyn asyr» toparynyň we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň 25 ýaşly kapitany Ahmet Ataýew 2015-nji ýylda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat işleri boýunça jogapkäri Amanmuhammet Çaryýewiň «Turkmenportala» habar bermegine görä, ýylyň futbolçysyny yglan etmek boýunça geçirilen ses berlişige geçen möwsümde Ýokary ligada çykyş eden toparlaryň hersinden bir wekil we 9 sany sport žurnalisti gatnaşdy. Şeýlelikde, Ahmet Ataýew mümkin bolan 19 sesden 10-syny gazanyp, ýylyň iň gowy oýunçysy boldy. Ses berlişikde ikinji orny milli ýygyndymyzyň we «Balkan» futbol toparynyň merkezi goragçysy Mekan Saparow eýeledi. Oňa jemi 4 ses berildi. Iň köp ses alan futbolçylaryň üçlügini geçen möwsümde milli çempionatymyzyň iň netijeli hüjümçisi bolan Myrat Ýagşyýew jemleýär. Myrat üçin ses berlişige gatnaşyjylaryň ikisi öz seslerini berdiler. Şeýle hem sport hünärmenleriniň we žurnalistleriň görkezen dalaşgärleriniň hatarynda «Hazynanyň» we milli ýygyndymyzyň ýarym goragçysy Guwanç Abylow, goragçylar Rahymberdi Baltaýew («Aşgabat») we Azat Garajaýew («Şagadam») dagylar hem bar.

Ahmet Ataýew futbol oýnaýan ýyllarynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýen ada mynasyp boldy. Ol geçen möwsümde «Altyn asyryň» düzüminde 3 Kubok gazandy, olaryň biri ýurduň çempionlygy, biri Naýbaşy Kubogy, üçünjisi bolsa Türkmenistanyň Kubogydyr. Şeýle hem ol geçen ýyl milli ýygyndymyzyň geçiren duşuşyklarynyň 7-sinde başarjaňlyk bilen kapitanlyk etdi.

Ahmet Ataýew futbol bilen 6 ýaşyndan bäri meşgullanyp gelýär. Ol ilkinji türgenleşiklerine Bagyr obasynda Atamyrat Jumamyradowyň tälim bermeginde girişýär. Ýarym goragçy 2007-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli «Talyp sporty» toparynyň düzüminde tejribeli tälimçi Baýram Durdyýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny artdyrýar. Soňra paýtagtyň «Aşgabat», HTTU toparlarynyň düzüminde çykyş eden A.Ataýew, esasan hem, talyplar toparynyň düzüminde 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogyna, 2013-nji ýylda bolsa çempionlyga mynasyp boldy. «Altyn asyryň» düzümine 2014-nji ýylda goşulan tejribeli kapitan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda topary bilen bassyr iki gezek ýurdumyzyň çempiony boldy, Kubogy we Naýbaşy Kubogy gazandy.

Şeýlelikde, A.Ataýewiň futbol karýerasynda Türkmenistanyň 3 gezek çempionlygy, ýurdumyzyň Kubogyna 2 gezek mynasyp bolmak we Naýbaşy Kubogy gazanmak ýaly üstünlikler bar.

Ahmet Ataýew indi birnäçe ýyldan bäri Angliýanyň «Çelsi» toparyna janköýerlik edýär. Onuň esasy arzuwlarynyň biri daşary ýurt ligalarynda hem çykyş edip görmek bolsa, ikinji uly arzuwy topary bilen şu ýyl AFK-nyň Kubogynda üstünlikli çykyş etmekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň