Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan daşary söwdada barha tejribe toplaýar

18:3609.01.2016
0
3169

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna hasabat berlişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 110,6 göterim üpjün edildi, şol sanda bölek söwdanyň ösüş depgini 106 göterime we lomaý söwdanyň ösüş depgini 112,9 göterime barabar boldy. Bu ulgamda özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 214,8 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde 250 birža söwdasy geçirilip, umumy bahasy 76 milliard 766,8 million manada deň bolan 21 müň 242 şertnama hasaba alyndy. Hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberinde import-eksport şertnamalarynyň bahasy 16 milliard 543 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 45 milliard 381,1 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi 34 million 927 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan hyzmat işleriniň ösüş depgini 133,1 göterime barabar boldy. Edaranyň kärhanalary boýunça gazanylan peýdanyň ösüş depgini 127,8 göterim üpjün edildi. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberi 3 million 205,75 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 117,86 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe sergileriň 31-si we maslahatlaryň 28-si geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi 22,7 göterim we azyk önümleriniň öndürilişi 16,3 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 103 göterim, söwda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 123,4 göterim, hyzmat ulgamynda bolsa ösüş depgini 127,5 göterim üpjün edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň