Geçen ýylda ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça işler 114 göterim ýerine ýetirildi

0
496
3
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna hasabat berlişi ýaly, 2015-nji ýylda ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,2 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, 115,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 113 göterime deň boldy. Içerki demir ýol ulgamlarynda, şol sanda Türkmenbaşy-Türkmenabat ugurlarynda abatlaýyş işleri geçirildi. Atamyrat — Ymamnazar — Akina halkara demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär. Geçen ýylda Balkanabat şäheriniň demir ýol menzili ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 130,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103,8 göterime, ýolagçy gatnatmakda ösüş depgini 101 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,6 göterme deň boldy. Ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, 597 müň telefon nokatlary gurnaldy. Hasabat döwründe Oba  milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde  45 müň 344 telefon belgili beketler gurnaldy we 2 müň 439 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

Hasabat döwründe  “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 117,3 göterime barabar boldy. Aşgabadyň we Daşogzuň howa menzillerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän uçuş-gonuş zolaklary, şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 126,6 göterime, deň boldy. Şeýle hem pudakda ýük daşamagyň ösüş depgini 100,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň  ösüş depgini bolsa 138 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeriologiýa baradaky milli komitetiniň merkezi edara binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru