Soňky habarlar

Arhiw

2016-njy ýylda 383 sany täze desga ulanylmaga berler

17:4509.01.2016
0
1355

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna Aşgabat şäher häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edara-kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasynyň  100,8 göterim ýerine ýetirilendigi, ösüş depgini bolsa 129,3 göterime deň bolandygy habar berildi.

Paýtagtymyzyň häkimliginiň kärhanalary boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň meýilnamasy 108,2  göterim ýerine ýetirildi.  

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 126,9 göterim berjaý edilendigini, ösüş depgininiň 113,9 göterime deň bolandygy aýdyldy.  Hasabat döwründe ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejisiniň ösüş depgini 101,8 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň kärhanalary 2015-nji ýylyň jemleri boýunça göz öňünde tutulan meýilnamany 138,6 göterim ýerine ýetirip, 130,3 göterim ösüş depginini üpjün etdiler. 2015-nji ýylda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça ösüş depgini 108,2 göterim üpjün edildi.  Ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejisiniň meýilnamasy 101,2 göterim ýerine ýetirilip,  ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan hasabat döwründe  meýilnama 113,3  göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 112,6 göterime barabar boldy.  

“Türkmenawtoýollary”  döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 107,5 göterim berjaý  edilip, ösüş depgini 106,8 göterim üpjün edildi.

Hasabatyň barşynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna çenli paýtagtymyzda desgalary gurmak we durkuny täzelemek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada habar berildi. Şunda önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hil derejesinde berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Hasabatyň çäklerinde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň  häkimlikleri, ministrlikler we pudak edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan tassyklanylan maksatnamalaryň esasynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň dowamynda ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň hem-de Gurluşygyň meýilnamasynyň taýýarlanylandygy habar berildi. Bu resminama laýyklykda, desgalaryň 383-sini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň  21-si çagalar bagy, 19-sy orta mekdep, 16-sy saglyk ulgamynyň desgalary, 161-si ýaşaýyş jaýlary, 77-si kottej jaýlary we beýleki binalar hem-de desgalar bolup, olaryň umumy bahasy 7,4 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň