Soňky habarlar

Arhiw

Statistiki görkezijiler — Türkmen döwletiniň ykdysady ösüşleriniň kepili

17:4109.01.2016
0
2630

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berildi.

Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek maksady bilen geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň möçberleriniň ýokary depginler bilen ösüşi üpjün edildi.

Ýylyň jemleri boýunça nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 105,2 göterime, elektrik energiýasynyň 100,5 göterime, benziniň, kerosiniň, çalgy serişdeleriniň, nebit koksunyň, polipropileniň 100,1 göterime, nebit bitumynyň 121,2 göterime, suwuklandyrylan gazyň  100,6 göterime, sementiň  104,4 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 115,5 göterime, plastmas we aýna süýümli turbalaryň 103,7 göterime, demir önümleriniň 101,7 göterime, mineral dökünleriniň 175,2 göterime, ýoduň 100,8 göterime, pagta süýüminiň 100,2 göterime, nah matalaryň 107,4 göterime,  makaron önümleriniň 112,8 göterime we şerbetli içgileriň 111 göterime, derman senagatynyň önümleriniň 138 göterime barabar ösüş depginleri gazanyldy. 

Oba hojalyk pudagynda oňat netijeler gazanyldy. 2015-nji ýylda 1 million 406,1 müň tonna bugdaý öndürildi. Pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe şalynyň öndürilişi 40,5 göterim ýokarlandy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň ösüşi üpjün edildi. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä,  mallaryň baş sany 28,2 müň, dowarlaryň bag sany 168,7 müň, guşlaryň sany 235,8 müň artdy.

Şeýle hem gurluşyk ulgamyndaky görkezijiler barada hasabat bermek bilen, 2015-nji ýylda gurluşyk işleriniň möçberiniň 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,3 göterim ýokarlanandygy habar berildi.

Hasabat döwründe ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň möçberi artdy. Ýolagçy gatnatmak boýunça 102,8 göterim, şol sanda awtomobil ulagynda 103,3 göterim, demir ýol we howa ulaglarynda 100,2 göterim, suw ulagynda 137,6 göterim ösüş gazanyldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata hyzmat etmekden alynýan girdejileriň möçberi 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim artdy.

2015-nji ýylda ýurduň ähli welaýatlarynda energetika, nebitgaz, himiýa, obasenagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem söwda we ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik maksatly iri desgalaryň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp baryldy.  Mundan başga-da, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň