2015-nji ýylda döwlet kärhanalarynyň 36-sy hususylaşdyryldy

17:3809.01.2016
0
1282

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda"  bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi. 

2015-nji ýylda önümçilik we durmuş-medeni ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna iri möçberli taslamalar durmuşa geçirildi. Hasabat döwründe Milli maksatnamanyň çäklerinde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 4,9 milliard manada barabar  bolup, meýilnama 132 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji Ahal welaýaty boýunça  1 milliard 133 million manada, Balkan welaýaty boýunça 1 milliard 142 million manada, Daşoguz welaýaty boýunça 814  million manada, Lebap welaýaty boýunça 964 million manada, Mary welaýaty boýunça  850 million manada deň boldy.

2015-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda  hassahanalaryň 2-si,  saglyk öýleriniň 16-sy,  mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 14-si,  orta mekdepleriň 15-si, medeniýet öýleriniň  9-sy,  sport mekdepleriniň 3-si,  sport desgalarynyň 2-si,  suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 4-si guruldy, suw, gaz,  elektrik geçirijileriniň 3968 kilometri çekildi,  dik guýularyň 27-si  gazyldy, awtomobil ýollarynyň 239 kilometri guruldy, telefon ulgamlarynyň 2346 kilometri  çekildi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 30-njy martyndaky Buýrugyna laýyklykda, gurulmagy meýilleşdirilen önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 290-syndan 265-si bina edildi. Olaryň 76-sy önümçilik we 189-sy dürli maksatly desgalardyr.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda,  kärhanalaryň  we desgalaryň 36-sy  hususylaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň