Soňky habarlar

Arhiw

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterimden hem kän

17:3409.01.2016
0
2100

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdaýjy bölegi bolsa 90 göterim ýerine ýetirildi. 2015-nji ýylda býujet serişdeleriniň 78,7 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi.

Hasabat döwründe ýerli býujetler girdejiler boýunça 101,7 göterime, çykdajylar boýunça bolsa 96,4 göterime deň boldy.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.

Şeýle hem 2015-nji ýylda maliýe-býujet ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen hasabat döwründe merkezi, pudak we sebit balans toparlarynyň  mejlisleriniň 142-si geçirildi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 8-siniň şeýle hem kärhanalaryň 465-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi.

2015-nji ýylyň dowamynda ätiýaçlandyryş işini, auditorçylyk işini we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek bilen bagly maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde yzygiderli işler alnyp baryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň