Soňky habarlar

Arhiw

2015-nji ýylda içerki önümiň öndürilişi 104,8 göterime barabar boldy

17:3009.01.2016
0
1084

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna 2015-nji ýylda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.  Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň esasy görkezijileriniň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly we okgunly ösüşe eýe boldy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 104,8  göterim üpjün edildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

2015-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy 41,9 milliard manada barabar bolup, ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe  ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda hem  ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky 2014-nji ýyldaka görä 9,5 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri hem artdy.

Şeýle hem 2015-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlary özgertmek baradaky milli maksatnamada kesgitlenen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigi habar berildi. Şol döwürde şu maksatnamanyň çäklerinde jemi 4,9 milliard manada barabar möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň  175-sinde gurluşyk işleri  tamamlandy hem-de 155-sinde gurluşyk işleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň