Türkmenistanda daşary ýurt neşirlerine abuna ýazylýar

0
176
0
0

Türkmenistany has ýokary depginler bilen ösdürmek, daşary ýurtlarda ylmy-tehniki, ykdysady, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikleri,  tejribeleri öwrenmek hem-de ýerli şertlere laýyklykda ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine Türkmenistanyň merkezi döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere 2016-njy ýylyň birinji ýarymyna abuna ýazylyşygyny üpjün etmek üçin Russiýa Federasiýasynyň “Rospeçat”  agentligi hem-de “Informatuka”  jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru