“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi

0
191
0
0

Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek, şeýle hem olaryň gaýtadan işlenen önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen Milli   nebitgaz kompaniýasy”  ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligine – esaslyk maýadaky paýy 90 göterim, “Türkmengaz” döwlet konsernine – esaslyk maýadaky paýy 2 göterim, “Türkmennebit” döwlet konsernine – esaslyk maýadaky paýy 2 göterim, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna – esaslyk maýadaky paýy 5 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine  “Türkmen Milli   nebitgaz kompaniýasy”  ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru