Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti döredildi

13:2709.01.2016
0
17791

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyşyna hem-de ýer serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri   baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Komitet hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň