Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi döredildi

13:2309.01.2016
0
13335

Türkmenistanyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi öz işini bes eden “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň hasabynda duran 6446 sany “Belarus” kysymly traktorlaryň we olara dakylýan 10334 sany oba hojalyk guralynyň galyndy bahasy boýunça kanunçylykda bellenen tertipde daýhan birleşiklerine traktorlaryň we gurallaryň bahasyny olary işletmekden gelýän serişdeleriň we daýhan birleşikleriniň beýleki girdejileriniň hasabyna tölemek şertinde satylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Öz işini bes eden Döwlet maldarçylyk birleşiginiň garamagyndaky degişli kärhanalary  Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bellenen tertipde bermek bellenildi.

Öz işini bes eden Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutyny, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag ekerançylyk institutyny hem-de öz işini bes eden “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ylmy-barlag dänelik ekinleri institutyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty döredildi.

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine  Oba hojalyk ylmy-barlag instituty hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň