Türkmenistany 2017 — 2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy işlenilip düzüler

0
122
0
0

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösüşini dowam etdirmek, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda, meýilnamalarynda we welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli we ýokary hilli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine degişli ministrlikler, pudak edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017—2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyny 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşyp, Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak üçin zerur bolan görkeziji maglumatlary, hasaplamalary we esaslandyrmalary Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine bermäge borçly edildi.

Degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary pudaklaýyn maksatnamalara, konsepsiýalara, meýilnamalara girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru