Ýolöten — 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy etraby

03:3109.01.2016
0
8288

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”  üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, etraplarda we şäherlerde durmuş-ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap  tehnologiýalar  ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle  hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran  Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen:

Mary welaýatynyň Ýolöten etraby  2015-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýip yglan edildi we Ýolöten  etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. 

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň