Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat—2017: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi web-saýty açyldy

02:1109.01.2016
0
14785

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda döwlet Baştutany 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna netijeli we maksatnamalaýyn taýýarlygyň möhümdigini belledi. Milletiň Lideriniň bu babatdaky görkezmeleri diňe bir Olimpiýa şäherçesiniň esasy sport desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly bolman, eýsem, täze web-saýtyň sahypalarynda şöhlelendiriljek halkara sport ýaryşlaryny guramak bilen baglanyşykly boldy.

Internet ulgamynda şu ýylda açylan “Aşgabat—2017. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” atly web-saýtyň öňünde hut şeýle wezipeler durýar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde işlenip düzülen hem-de 2017-nji ýylyň Aziadasyna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) goldaw bermeginde ählumumy maglumatlar giňişligine goýberilen ulgam her bir isleg bildirene http://ashgabat2017.gov.tm salgy boýunça ýüzlenip, türkmen paýtagtynda geçiriljek Oýunlar, olimpiýa desgalary hem-de ýurdumyzyň sport durmuşy barada hemme zatlary bilmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da bu ýerde Türkmenistan barada düşünje berýän maglumatnama, myhmanlar üçin peýdaly maglumatlar hem-de sowal-jogap häsiýetli serişdeler görkezilipdir.

Web-portalyň konsepsiýasy V Aziýa oýunlaryna, şeýle hem umuman ýurdumyza, türkmen halkynyň mirasyna, medeni-taryhy hem-de paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň  häzirki zaman ajaýyplyklaryna, bagyşlanan mowzuklaýyn bölümlerde gurulýar. Saýt sport çäreleri, Türkmenistanda bedenterbiýe-sport hereketiniň ösüşi, biziň türgenlerimiziň halkara ýaryşlardaky üstünlikleri we beýlekiler baradaky neşirleriň arhiwini özünde jemleýär.

Saýtyň esasy wezipesi Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşini hem-de oýunlaryň barşyny şöhlelendirmekden, ulgamyň baş sahypasynda ýerleşdirlen ýaryşlaryň başlanmagyna çenli galan wagty görkezmekden ybaratdyr. Ýöne eýýämden bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan Aziadanyň Alawynyň nobatma-nobat geçiriljek ugry,  Olimpiýa şäherçesiniň desgalary, onuň türgenleşik binýady hem-de ýaryşlar üçin meýdançalar, şeýle hem meýletinçiler toparlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanşyp bolýar.

Sport täzeliklerinden başga-da şeýle hem giňişleýin fotosuratlar bar. Şolaryň kömegi bilen Aşgabat boýunça nazary gezelenç ýa-da türkmen medeniýetiniň hem-de özboluşly däpleriniň, halkymyzyň ruhy mirasynyň       baý dünýäsine hyýalyňda syýahat etmek mümkinçiligi bar. Has giňişleýin şekilleri wideogalereýada görüp bolar. Özara aragatnaşyk hem göz öňünde tutulupdyr, onuň kömegi bilen Aziada—2017-niň Ýerine ýetiriji komitetine elektron habarlary, sowallary ýa-da ýüz tutmalary, teklipleri hem-de isleg-arzuwlary şeýle hem pikirleri iberip bolar.

Täze Internet serişdesiniň amatly düzümi hem-de döwrebap bezegi ondan ugur alynyşyny has mümkin boldugyça, ýönekeý, tiz ulanylýan hem-de peýdalanyjylar üçin oňaýly edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň