Gökderedäki gyşky spartakiada badalga berildi

0
596
0
0

Gökderedäki “Çynar” we “Nesil” çagalar sagaldyş merkezleriniň sport meýdançalarynda geçirilen toplumlaýyn ýaryşlar ýaşajyk türgenleriň ýüzlerçesini özüne jemledi. Spartakiada Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti, “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe- sport guramasy hem-de Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimligi tarapyndan guraldy. Spartakiada gatnaşýan türgenler öz aralarynda düzzüm milli oýny, küşt, ýeňil atletika estafeta ýaryşy, welosport, tanap çekişmek, şeýle hem şaýbaly hokkeý boýunça ýaryşdylar.

Hokkeý duşuşyklary “Çynar” çagalar sagaldyş merkeziniň emeli-buzly meýdançasynda geçirildi. Ýaryşyň netijesi boýunça “Nesil” çagalar sagaldyş merkeziniň türgenleri birinji orna mynasyp boldular. “Kümüş” baýragy “Şöhle” çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan ýaşajyk türgenler eýelediler. Umumytoparlaýyn hasapda baýrakly üçünji orna “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş merkeziniň ýygyndy topary mynasyp boldy.

Gökderedäki gyşky spartakiada dowam edýär. 9-njy ýanwarda çagalar ýene-de sportuň düzzüm, küşt, woleýbol, basketbol we stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlarda iň güýçlileri kesgitlärler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru