«Gadymy Merwiň şekillerdäki rowaýaty» atly kitap çap edildi

0
686
0
0

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Suratkeşler birleşiginiň howandarlygynda şeýle at bilen täze kitap çap edildi. Kitapda Maryda kemala gelen suratkeşleriň özboluşly döredijilik aýratynlyklary açylyp görkezilýär, olaryň şekillendiriş sungaty eserlerinde beýan edilýän pikirleri söz bilen aňlatmak aňsat däldir, emma nakgaş eserlerini synlap, görüş duýgusy bilen aňlamak mümkindir.

Kitabyň girişinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gadymy Merwiň ylym, medeniýet, sungat merkezi hökmünde adamzadyň medeni hazynasyna goşan ägirt uly goşandynyň orny hakyndaky jümlesi getirilýär.

Kitabyň üç bölümden durýan giriş çeper publisistik makalasynda häzirki zaman sungatynda türkmen halkynyň beýik taryhy mirasynyň orny hakynda pikir ýöredilýär.

Neşiriň esasy bölegini bezegli surat albomy düzýär, ol hem birmeňzeş sözbaşyly üç bölege bölünýär. Olaryň aglabasy Mary welaýatynyň çeper döredijilik durmuşynyň soňky on ýyllygynda döredilen eserleriniň göçürmesidir. Kitapda 25 suratkeşiň eserleri şekillendirilýär. Olaryň hatarynda Annadurdy Myradalyýew, Kössekmyrat Nurmyradow, Gurbangeldi Gurbanow, Ata Akyýew, Çary Hummedow, Altynaý Nargylyjowa ýaly ussatlar we beýleki şekillendiriş sungatynyň muşdaklarynyň söýgüsini gazanan belli suratkeşler bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru