Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

11:5006.01.2016
0
2052

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly  Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirdi, onda  geçen 2015-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça düzümleriň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi. 

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň  goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutany tarapyndan başy başlanan uly möçberli harby özgertmäniň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berdi. Şol özgertmäniň maksady harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we amatly ýaşamagy üçin oňaýly şertleri döretmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmegiň we hünärli harby işgärleri taýýarlamagyň hasabyna milli goşunymyzy berkitmek bolup durýar. 

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow döwlet serhedinde işleriň ýagdaýy hem-de mähriban Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň goralmagyny güýçlendirmek, gullugyň garamagyndaky desgalarda işleriň barşy, hususan-da, döwrebap serhet galalaryny gurmak boýunça 2015-nji ýylda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri G.Hojaberdiýew ministrlik tarapyndan 2015-nji ýylda alnyp barlan işler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow  geçen 2015-nji  ýylda IIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada aýtmak bilen, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini hem-de durnuklylygy saklamak, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda geçirilen işler  barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol ýurdumyzyň ýollarynda köçe-ýol hereketiniň sazlaşygyny  üpjün etmek, ýol belgilerini tertipleşdirmek, şeýle hem ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur amatlyklary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew  dünýä ölçeglerine kybap gelýän kazyýet ulgamyny ösdürmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçen ýylda durmuşa geçirilen işler  hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow  2015-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow  gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçen ýyl amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany bu edaranyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda işgärleriň saýlanyp alynmagyny, täze we hereket edýän gümrük terminallarynda guramaçylykly işi üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmegini belledi. Çünki şol terminallarda oturdylan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän ähli ýükler ykjam barlanýar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow 2015-nji ýylda geçirilen işleriň netijeleri, gullugyň düzümine girýän edaralarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe migrasiýa gullugynyň geçiren işleriniň netijeliligi dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleriniň, daşary ýurt raýatlarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagy bilen gös-göni bagly boldy.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow döwlet Baştutanymyza öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça 2015-nji ýylda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda döwletimiziň hem-de tutuş halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durýan ähli harby we hukuk goraýjy düzümleriň ysnyşykly, sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň  Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça  degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň