TOPH we “Gündogar-Günbatar” taslamalary daşary ýurt habar beriş serişdeleriň üns merkezinde

0
1027
3
1

Geçen 2015-nji ýyl şanly wakalaryň hataryna beslendi. Giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyndan başga-da, dekabr aýynda gurluşygyna badalga berilen Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazgeçirijisi (TOPH) hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdakysynyň desgalary, şeýle hem Balkan welaýatynda “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisini ulanmaga bermegiň dabarasy şol wakalaryň ýatdan çykmajaklary bolandygy şübhesizdir.        

Esasy habarlar agentlikleri tarapyndan şol wakalar barada taýýarlanan täzelikler meşhur daşary ýurt gazetleriniň we žurnallarynyň sahypalarynda, şeýle hem köpsanly internet-saýtlarynda ýerleşdirilip, dünýä ýüzüne ýaýrady we uly seslenme döretdi.  

Dünýäniň syýasy hem-de işewür toparlarynyň ünsüni çeken habarlarda, hususan-da, bitaraplygyň şanly senesine gabat gelen TOPH-nyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar diýlip nygtaldy. Öňden gelýän dostluk, birek-birege kömek etmek we döredijilikli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna özara ygrarlydyklaryny tassyklamak bilen, goňşy döwletleriň baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri täze möhüm taslama badalga berdiler, onuň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berer.   

Tutuş dünýä boýunça köp millionly okyjylary bolan belli saýtlar wakanyň bolup geçen ýerinden yzygiderli täzelenýän habarlardan doldy. “TOPH  taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki ýene-de bir anyk ädimdir. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny kemala getirmek, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna kemala getirmek şol strategiýanyň wajyp ugry bolup durýar” diýlip, okyjylara hödürlenen halkara synlarynda bellenildi. 

Olarda nygtalşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giň oňyn seslenme döreden netijeli başlangyçlary şol maksatlara ýetmäge  gönükdirilendir. Döwrüň anyk ýagdaýlarynda bu başlangyçlaryň wajypdygyna BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek—2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Russiýanyň iri “TASS” we beýleki daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň belleýşi ýaly, TOPH gazgeçirijisiniň uzynlygy 1,8 müň kilometre barabar bolar. Turbageçiriji boýunça gazyň ilkinji akymyny 2019-njy ýylda ugratmak göz öňünde tutulýar. Gaz geçiriji Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Päkistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň çäklerinden geçer. Şol ýerden bolsa, Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Şeýle hem, kuwwaty ýylda “mawy ýangyjyň” 33 milliard kubmetrine barabar bolan gaz geçirijiniň 214 kilometri Türkmenistanyň, 773 kilometri  Owganystanyň hem-de 827 kilometri Päkistanyň çäklerinden geçer diýlip habar berildi.     

Bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek we ony ulanmak bilen bagly işlere «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň baştutanlygyna biragyzdan saýlanan Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylyk etjekdigi aýratyn bellenildi. Konser tebigy gazy çykarmak, ibermek hem-de turba geçirijileri gurmak boýunça 50 ýyldan hem gowrak tejribä eýedir.    

Esasynda Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza ýokary isleg bildirilmegi durýan bu taslamanyň ykdysady esaslandyrmasyny abraýly halkara guramalarynyň bilermenleri tarapyndan ýurdumyzyň ýerasty baýlyklarynda dünýä ähmiýetli “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlarynyň bardygynyň umumy ykrar edilmegi hem aýdyň ýüze çykarýar. Munuň özi Türkmenistana islendik ugur boýunça, şol sanda şu ugur boýunça hem gazyň uzak möhletleýin iberilmegini kepillikli üpjin etmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň habarlar agentlikleri “Galkynyş” gaz käni täze energetika geçirjisiniň serişde binýady bolar diýip bellediler. Habarlarda bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” Döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu käniň enjamlaşdyrylmagynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2013-nji ýylda bu ýerde kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlar toplumy ulanmaga berildi. 2014-nji ýylda “Galkynyşy” senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna başlanyldy. Ol hem ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge niýetlenendir.       

Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden Türkmenistanyň yglan eden ýörelgesi döwletimiziň tutuş energetika syýasatynda beýanyny tapýar. Şol syýasat ýakyn on ýyllyklar üçin ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny diňe bir anyk kesgitlemän, eýsem ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagy ugrunda anyk ädimleri göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň ulanmaga berilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu wakany teswirlemek bilen, dünýä metbugaty turbageçiriji döwrebap gazgeçiriji düzümiň möhüm bölegine öwrüldi, Türkmenistan ony milli ykdysadyýetiniň artýan içerki isleglerini, şeýle hem halkara energetika bazarynyň energiýa serişdelerine bolan islegini nazara almak bilen ösdürýär diýip belleýär.     

Uzynlygy 733 kilometr we geçirijilik ukyby ýylda ýangyjyň 30 milliard kubmetrine deň bolan täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek”  gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň güýçleri bilen amala aşyrylan taslamanyň bahasy 2 milliard 500 million amerikan dollaryndan hem geçýär. Bu barada dünýäniň iri habarlar agentlikleri habar berdi, sebitiň internet-neşirleri we köpçülikleýin habarlar portallary şol habarlara salgylandy.     

Daşary ýurt habar beriş serişdeleri täze energetika ulgamyň ulanmaga berilmegi geçirilen dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan setirleri mysal getirmek bilen, bu taslama “strategik taýdan möhüm bolan Hazar sebitinde türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna azyndan dört ugur, ýagny demirgazyk, günbatar, günorta we gündogar ugurlar boýunça çykarmak üçin kuwwatly binýat döredýär diýip belleýärler.  

Demirgazyk ugur Hazarýaka gaz geçirijisini gurmakda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutup, bu barada 2007-nji ýylda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Baştutanlarynyň gol çeken  hökümetara ylalaşygy “üç döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär hem-de şol ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge, uzakmöhletli iri möçberli maýa goýumlaryny çekmäge, dünýäniň bu örän möhüm sebitinde howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder” diýip, hususan-da, Russiýanyň “Interfaks” habarlar gullugy we «vestifinance.ru». habarlar saýty habar berýärler. 

Günorta ugur Eýrana, günbatar – Ýewropa, gündogar – günorta-gündogar ýurtlara gaz ibermegiň möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýar diýip, habar beriş serişdeleri belleýärler. 

“Türkmenistan “Galkynyş” gaz känini we beýleki birnäçe gündogar ýataklaryny Hazaryň kenary bilen baglan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň gurluşygyny tamamlady, bu ýerden gazyň Günbatara iberilip başlanmagy mümkin, Hytaýa hem-de geljekde Päkistana we Hindistana gazyň iberilmegi artar” diýip «Reuters» halkara agentligi habar berip, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen işlenip taýýarlanýan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy hakynda ýatlatdy.

“Gazgeçiriji tebigy gazy Türkmenistanyň beýleki gazgeçirijilerine akdyrmak, daşary ýurtlara iberilýän gazyň möçberini artdyrmak we ibermegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. Ol sebitiň ýurtlarynyň gaza bolan islegini kanagatlandyrmaga, täze senagat desgalarynyň onlarçasyny gurmaga we işe girizmäge, esasy pudaklary, ozaly bilen elektroenergetika pudagyny ösdürmäge mümkinçilik döreder. “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi geljekde türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermek üçin ulanylyp bilner” diýip «Trend – Azerbaýjan täzelikleri” we Nebitgaz habarlar agentligi öz okyjylaryna habar berýär.              

“Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär” diýip, France TV habar berýär. Şunda bellenilişi ýaly, Hazarüsti gazgeçirijiniň taslamasynyň amala aşyrylan ýagdaýynda Aşgabat eýýäm 2019-njy ýylda Ýewropany gaz bilen üpjün etmäge başlap biler, şeýle hem şol ýyl TOPH gazgeçirijisi açylyp, ol “Türkmenistanyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň gaz meýdanlaryny birleşdirer”.  

 “Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň üstünde işleýär. Häzir türkmen gazy Russiýa, Eýrana, Hytaýa iberilýär. Gurluşygyna 13-nji dekabrda badalga berilen TOPH transmilli gazgeçirijisiniň işe girizilmegi bilen, türkmen gazy Türkmenistanyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň sarp edijilerine baryp başlar. Häzirki wagtda türkmen tebigi gazyny ýewropa bazaryna ibermek mümkinçilikleri işlenip taýýarlanýar” diýlip, “Ekspert” (Ukraina) hepdelik işewür žurnalynyň saýtynda “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegine bagyşlanan habarlarda nygtalýar.         

 TOPH taslamasyna badalga berilmegi hem-de “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi baradaky täzelikleri Hytaýyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň iri habar beriş serişdeleri hem ýaýaratdylar. Şunda olaryň köpüsi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazetine salgylanýarlar.     

“Gündogar–Günbatar” gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda giň gerimli köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Türkmenistanyň goşan saldamly goşandy boldy” diýip “Täze döwür” saýty (Ukraina) Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini mysal getirdi we öz okyjylaryna dekabr aýynda biziň ýurdumyzda “yklymyň iri gaz geçirijileriniň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazgeçirijisiniň (TOPH)” gurluşygyna badalga berilendigini ýatlatdy.    

Daşary ýurt habar beriş serişdeleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýylda uglewodorod çig malynyň 3 million tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen täze ELDAD-HT-7 desgalarynyň ulanmaga berilmegini hem ünsden düşürmediler. Bu waka barada giňişleýin  habarlar Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty ministrligine salgylanmak bilen, Internet ulgamynda ençeme million okyjylary bolan «neftegaz.ru», «oilcapital.ru», «Trend» we beýleki meşhur saýtlarda ýerleşdirildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru