Soňky habarlar

Arhiw

Täze film — Täze ýyla sowgat

18:1205.01.2016
0
10318

Baýramçylyk günleri ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda tomaşaçylara täsinlikleriň bolýanlygyny, has-da täze ýylda haýran galaýmaly täsinlikleri    wada edip, olary şatlandyran “Täze ýyl sowgady” atly çeper filmiň ilkinji  görkezilişi üstünlikli geçdi.

Filmde adaty türkmen maşgalasynyň durmuşynyň birnäçe güni barada gürrüň berilýär. Bu köp çagaly maşgalanyň ähli agzalary Täze ýylyň gelmegi bilen özleriniň iň uly we gowy arzuwlaryny baglanyşdyrýarlar hem-de geljekde etmeli işleri hakynda oýlanýarlar. Olaryň her haýsyna eýýämden täze täsinlikler garaşýar.

Ene-ata üçin dokuzynjy çaganyň dünýä inmegi şeýle täsin sowgat bolup durýar.

Ýaşlar üçin bu pursatlar olaryň kalbynda ilkinji gezek lowlap ýanan söýgi duýgusydyr.

Körpeje çagalar üçin bolsa Aýazbaba ýazan hatlarynda eden arzuwlarynyň hasyl bolmagy hakyky Täze ýyl täsinligidir.

Filmiň iň körpeje gahrymanlarynyň biri Yhlasjyk Aýazbabanyň barlygyna ýüregi bilen ynanýar. Ýöne ony aldamak beýle bir aňsat däl. Körpeje ak telpekli hem-de nagyşlary ýalpyldap duran possunly, uzak garaşdyran myhmanyň sakgalynyň ýelmenendigini nähili edip barlamalydygyny oňat bilýär.

Ol Aýazbabanyň geýimini geýen artistleriň birnäçesiniň hileleriniň üstüni açdy. Şol sebäpli hem Täze ýyl agşamy artistler Yhlasyň maşgalasynyň ýaşaýan öýüne gutlamaga kimiň gitmelidigi barada jedelleşýärler.

Şol pursat hem öz kömekçilerine hakyky Aýazbaba kömege ýetişýär.

Düşbüje oglanjyk Aýazbabanyň sakgalynyň ýelmenmändigine göz ýetirip, oňa özüniň arzyly maksadyny – meşhur bagşy-sazanda bolmak hakyndaky arzuwyny aýdýar hem-de öz başarnyklaryny oňa görkezmekçi bolýar. Şol wagt hem Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň kömegi bilen, körpeje dutarçynyň ýanynda meşhur halk dessançy bagşylarynyňky ýaly sazandalar peýda bolýarlar.

Yhlas tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen dessan uly bolmadyk filmiň ajaýyp pursadyna öwrüldi.  Filmde Yhlasyň keşbini Daşoguzdan 5  ýaşly zehinli sazanda Käbeşyh Bakyýew ýerine ýetirdi.

Ýaşajyk zehinli sazanda, edil özüniň kinoda janlandyran gahrymany ýaly, uly geljegiň durmuşda hem garaşýandygyna şek-şübhe ýokdur.

Film  biziň hemmämizi ene mähri, maşgala ojagynyň ýylysy we şadyýan gülkiniň şuglasy kibi, täsinlikleriň adaty döwrüne, çagalygyň ajaýyp dünýäsine gaýtaryp getirýän, daşyndan çagalaryň gol tutuşyp aýlanýan Täze ýyl arçasynda däp bolşy ýaly, yşyklaryň ýakylmagy, sirk artistleriniň çykyşlary bilen jemlenýär.  

Ussatlyk bilen saýlanan saz bezegi, filmiň  tutuş dowamynda köňül joşgunyny beýan edip, jadyly  başdan geçirmelerdir, şatlykly wakalara  tolgunmak bilen garaşdyryp,  ýakymly täsir galdyrdy.  “Jadyly” görnüşleriň birnäçesi bolsa, meselem, Aýazbabanyň aýly gije arabaly gelmegi 3D-grafikanyň we çylşyrymly surata düşürmekligiň kömegi bilen üstünlikli ýerine ýetirilipdir. Operatoryň oňat işi kebşirlemek usullaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly ösdürilipdir.

Bularyň hemmesi filmi döreden ýaşlaryň üstünlikli işländiklerini  aýdyň görkezýär. Filmiň edebi esasyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gülşirin Hanowa, sazyny bolsa şol ýokary okuw mekdebiniň ýene-de bir talyby Mekan Nuryýew ýazdylar. Filmiň režissýory Ýagmyr Türşekow, operatory Pälwan Geldiýew, bezegçisi Baýram Patyşagulyýew, kebşirleýjisi Alekseý Gimaletdinow dagydyr. 

Ýaşlar toparynyň bu üstünligi tiz wagtdan Türkmenistanyň kinematografiýasynda täze ýyldyzlaryň peýda boljakdygyna umyt döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň