Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

10:2205.01.2016
0
2644

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda ýetip gelen 2016-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşyna, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.

Wise-premýer M.Ýazmuhammedowa milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip atlandyrmak bilen bagly dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk komitetini döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak babatda işlenip taýýarlanylan kararyň taslamasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Milletiň Lideri medeni mirasymyzy Ýer ýüzünde wagyz etmek we häzirkizaman türkmen jemgyýetinde mundan beýläk-de durmuş-ykdysady hem-de ylmy-tehniki ösüş üçin dünýägaraýyş binýady hökmünde möhümligini ýokarlandyrmak barada aýdyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etmek we “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi bilen baglanyşykly Karara gol çekdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary hem diňlenildi. Olar ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler, meýdan işleriniň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, welaýat häkimlerine oba hojalyk işleriniň häzirki zaman ylmy esaslaryna hem-de öňdebaryjy agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Öeýle ham maslahatda Aşgabat şäheriniň häkimi hasabat bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutany “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň” maksatnamasyny düzmek, Aziada —2017-ä taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň