Arhiw

Hepdäniň tehnologiýa täzelikleri

10:2904.01.2016
0
6345

“FUJIFILM”-DEN TÄZE GÖRNÜŞ

Tehnologiýa bazarynda enjamlary arkaly giňden tanalýan “Fujifilm” şereketi täze “X-Pro2” fotoapparatyny müşderilerine hödürlejekdigini mälim etdi. Ýapon şereketi üç ýyla golaý mundan ozal, ýagny 2012-nji ýylda müşderilerine ýetirilen aýnasyz fotoapparaty “X-Pro1” görnüşli fotoapparatynyň dowamy hökmünde önümçiligine badalga berlen täze enjamy arkaly müşderilerini begendirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagta çenli diňe tehniki aýratynlyklary mälim edilen “X-Pro2” fotoapparatynyň, şereket tarapyndan ýakynda geçirilen metbugat ýygnagynda taslamasy hem köpçülige hödürlendi. Metbugat sahypalarynda berlen maglumatlara görä, “X-Pro2” fotoapparatynyň taslamasy ozalky görnüşden kän bir tapawutlanmaýar. Diňe käbir dolandyryş düwmeleriniň ýerleriniň has-da oňaýly bolmagy üçin üýtgedilendigini bellemek bolar. 15-nji ýanwarda resmi taýdan satuwa goýberilmegine garaşylýan “Fujifilm X-Pro2” fotoapparatynda durmuşyň ajaýyp pursatlaryny surata düşürmek üçin “XF 35mm f/2” ölçegli ýagtylyk beriş lensi göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem, enjamyň takyklyk sensorynyň 24 megapiksel ölçeginde bolmagyna garaşylýar. Jübüt görnüşli maglumat saklaýjy ýady, 1/8000 durulyk tizligi, 1/250 hereket tizligi hem-de tekiz LCD ekrany “Fujifilm X-Pro2” enjamynda ýer alýan beýleki aýratynlyklaryna degişlidir. Şereket täze fotoapparatyny gara we kümüşsöw reňklerde müşderilerine hödürlemegi göz öňünde tutýar.

 

BMW-DEN “AIRTOUCH” AÝRATYNLYGY

Germaniýanyň awtoulag öndürýän belli BMW kompaniýasy 6-njy ýanwarda Las Wegasda badalga aljak “Dünýä Mobil Kongresi 2016” şüweleňinde, ýeňil hem howpsuz – el hereketleri bilen awtoulaglaryň käbir aýratynlyklarynyň dolandyrylmagyna mümkinçilik döredip biljek täze enjamyny müşderilerine hödürlemegi meýilleşdirýär. “AirTouch” diýlip at berlen täze tehnologiýa, saz diňlemek, nawigasiýa takyklygy we telefon arabaglanyşygy ýaly ýeňil buýurmalaryň el hereketi arkaly dolandyrylmagyny üpjün edýär. “AirTouch” enjamy el hereketlerini kabul etmek üçin birnäçe sensorlaryň kömeginden peýdalanýar. Awtoulaglara bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy bilen esasy maksat - sürüjiniň ünsüni ýoldan sowup, sensor ekrany ýa-da düwmejikler arkaly bu buýurmalary ýerine ýetirmeginiň öňüni almak bolup durýar. Awtoulagyň dolandyryjysynda (rulunda) ýer almagy göz öňünde tutulýan bir düwmejik - “AirTouch” buýurmalaryny has-da çalt ýerine ýetirmäge ýardam berer. Bu tehnologiýa zerur buýurmalaryň sazlamalaryny dolandyryjydan eliňizi aýyrmazdan ýerine ýetirmegiňize mümkinçilik berer. Öz awtoulaglaryna yzygiderli täzelikleridir, zerur şertleri girizýän şereket, metbugat sahypalaryna beren beýanatynda, “AirTouch” tehnologiýasy arkaly 3D görnüşli giň, panoramik ekrany döretmek arkaly öňe tarap uly bir ädim ätjekdigini mälim etdi.

SAGLYGA GÖZEGÇILIK EDER

Tehnologiki enjamlaryň önümçiliginde öňdebaryjy hasaplanýan “Samsung” şereketi, akylly enjamlaryny öndürmekde bäsdeşlerini haýran galdyrjak taslamasyny mälim etdi. Şereketiň täze önümçiligine girişmegi meýilleşdirýän biologik çipi arkaly, mobil enjamyňyz “kiçijik saglyga gözegçilik nokadyna” öwrülip biler. Mälim bolşy ýaly, soňky döwürlerde öndürilýän akylly telefonlar, bu ugurda möhüm üstünlikleri gazanmagy başardylar. Şolardan has köp ýaýran görnüşi adamyň ýürek urgusyny ölçemek aýratynlygy bolup durýar. Emma Günorta Koreýaly hünärmenler bu işiň gerimini has-da giňeltmek isleýär. Bu ugurda irginsiz iş alyp barýan şereketiň hünärmenleri täze bir çipiň üstünde iş alyp barýarlar. Bu biologik çip biziň bedenimiz bilen bagly 5 ugurda, ýagny bedendäki ýagyň derejesini, işjeňlik güýjüni, ýürek urgusyny, gyzgynlyk derejesini we nerw dartgynlygyny gözegçilikde saklamagy amala aşyrar. Mundan ozal, bu ugurda “Apple” şereketiniň enjamlary köpçüligiň ünsüni özünde jemleýärdi. Emma “Samsung” mobil enjamlary bazaryndaky esasy bäsdeşi bolan amerikan şereketi bilen bäsdeşligini has-da ýitileşdirmek ugrunda ädim ätmek isleýär. Täze biologik çipiniň önümçiligine badalga bermegi meýilleşdirýän şereket, akylly sagatlar bazarynda hem “Gear” bilen üstünlik gazanmagy başarypdy. Täze çipini hem täze nesil “Gear”-da synag etmegi niýet edinýän “Samsung” biologik çipiniň ýany bilen täze bir bilezigiň hem önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

“HP ELITE X2” GIBRID NOUTBUK

Noutbuklaryň hem-de öý kompýuterleriniň önümçiliginde ulanyjylaryň söýgüsini gazanmagy başaran “HP” şereketi mundan beýläk hem tehnologik enjamlar bazarynda bäsdeşligi dowam etdirer. Täze ýylyň öňýanynda tabletleriň hem-de noutbuklaryň önümçiligindäki tejribelerini ýeke bir enjam arkaly hödürlemek isleýän şereket “Elite X2” gibrid görnüşli noutbugyny müşderilerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Ulanyjylaryň giň köpçüligi üçin niýetlenen gibrid noutbugynda ornaşdyrylan “SureStart” tehnologiýasy kompýuteriň iň esasy aýratynlygy hökmünde aýdylýar. Bu tehnologiýa arkaly müşderilerde öz noutbukynda maglumatlaryň ygtybarlylygyny gözegçilikde saklamaga şert döredilendir. Adaty görnüşinde “Intel Core M CPU” bilen hödürlenýän “Elixe X2” noutbugy, ulanyjylaryň islegine görä, “Intel vPro CPU” iş ulgamy arkaly öndürmek hem göz öňünde tutulýar. Ajaýyp daşky görnüşe eýe bolan noutbugyň galyňlygy 8.1 mm-e, agramy 900 grama barabardyr. Gibrid enjamyň ýokary duýujylykly sensor ekrany göz üçin howpsuzlandyrylan HD görnüşe eýedir. Şeýle hem ol birnäçe gezek synag edilen 4G LTE baglanyşygy arkaly has çalt internet hyzmatlaryny hödürleýär. “Windows 10” ulgamy bilen işleýän enjam, çyzgy çyzmagy gowy görýän ulanyjylar üçin “HP Active Pen” – akylly galamyny hem özünde saklaýar. Şu aýyň dowamynda satuwa çykarylmagyna garaşylýan noutbugyň bahasynyň 899 amerikan dollaryna deň boljakdygy barada hem habarlarda aýdylýar.

ÄÝNEKSIZ 3D GÖRKEZILIŞ

Hytaýyň KDX şereketi ýakynda geçiriljek “Dünýä Mobil Kongresi 2016” şüweleňine “K3DX 3D” tehnologiýaly enjamy bilen gelmegi niýet edinýär. Bu enjam arkaly 3D görnüşli wideolary äýnek dakynmazdan, adaty ýagdaýda görmäge mümkinçilik gazanarys. Şereket tarapyndan berlen beýanatda, täze tehnologiýaly enjam üçin müşderilere köp wagtyň gerek bolmajakdygy, olaryň Las Wegas şüweleňinde täze enjam bilen ýakyndan tanşyp biljekdikleri barada aýdyldy. Birnäçe wagtdan bäri uly şereketler tarapyndan şeýle görnüşli tehnologiýalaryň üstünde iş alnyp barylýardy. Hatda, şu tehnologiýany özünde saklaýan akylly telewizorlar satuwa hem çykarylypdy. Emma, bu tehnologiýa akylly telewizorlarda üstünlik gazanmagy başarmady. Şeýle hem, HTC we “Evo” şereketleri äýnege zerurlyk duýmazdan 3D kamera we 3D kompýuter oýnuny hödürlemegi başarypdy. Geçen döwrüň içinde gazanylan bu tejribeler äýnege zerurlyk duýmazdan 3D görnüşleri görmek tehnologiýasyny has ýokary derejä çykardy. KDX şereketi täze enjam tehnologiýasynyň has-da kämil görnüşe eýe etmek üçin “Philips”, “Dolby” ýaly akylly telefon we tablet şereketleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda boldy. Täze tehnologiýa diňe akylly telefon, tablet ýa-da akylly telewizorlarda ulanmak üçin niýetlenmän eýsem, mahabat ugrunda we senagatyň beýleki pudaklarynda hem giňden ulanylar. Şeýle hem bu tehnologiýa ulanyjylaryň gözi üçin howpsuz bolan görkezilişiň ýokary takyklygyny üpjün edýär. Täze tehnologiýa enjamynda köp ýaýlymly görkeziliş, görüş aralygyny sazlamak, dynç alyş güýmenjeleri ýaly mümkinçilikler hem göz öňünde tutulypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň