“Türkmen owazy” teleradioýaýlymyna täze saz guraly sowgat berildi

0
686
0
0

2-nji ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kaşaň binasynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymyna häzirkizaman “Pioneer” atly köpugurly sanly, saz kitaphanasyny dolandyrmagyň kämil maksatnanamasyna eýe bolan multipleýer saz guralyny  sowgat bermek dabarasy boldy.

Geçen ýylyň 30-njy dekabrynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly sanly “Pioneer” multipleýer saz guralynda birnäçe saz eserlerini ýerine ýetirdi hem-de bu häzirkizaman saz gurallar toplumyny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymyna sowgat berýändigini mälim etdi.  

Düýn bolsa teleradioýaýlymyň işgärleri döwlet Baştutanyndan bu sowgady kabul etdiler. Şu mynasybetli guralan döredijilik duşuşygynyň barşynda meşhur aýdymçylaryň, belli sazandalaryň hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda" milli medeniýetiň döredijilik mümkinçilikleriniň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru