Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi başlandy

0
733
1
0

2-nji ýanwarda Aşgabatdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümine badalga beren dabara geçirildi. Gyşky dynç alyş möwsümini geçirmek üçin mekdep okuwçylarynyň topary Türkmenistanyň gözel künjekleriniň biri bolan Gökderä tarap ugradylar.

Şu ýylky gyşky dynç alyş möwsüminde Gökderäniň çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-sinde dynç alýan çagalaryň sany 7 müňe ýeter. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalar üçin täze dynç alyş merkezleriniň 4-sinde körpeler dynç alyş möwsümini geçirer.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe Täze ýyl dabaralary, çagalar üçin sahna oýunlary, döredijilik duşuşyklary, sport bäsleşikleri guralar. Çagalar özboluşly bäsleşiklere höwes bilen gatnaşarlar we muzeýlere, dynç alyş merkezleriniň ajaýyp ýerlerine baryp görerler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru