Aşgabatda ulag düzümi boýunça I Bütindünýä maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar

16:4130.12.2015
0
4250

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 25-nji dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň teklibine laýyklykda, 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça I Bütindünýä maslahatynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy we degişli ýolbaşçylara maslahatyň guramaçylygy hem-de çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylyşy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 29-njy dekabrda  geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny: durnukly ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly  maslahatyň barşynda öňde boljak  forumyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, maslahata ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň, BMGÖM-niň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Halkara gatnaşyklary institutynyň,  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň