Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

16:2230.12.2015
0
7411

 “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” atly türkmen, rus we iňlis dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän maglumat-seljeriş žurnalynyň nobatdaky, dördünji sany okyjylara gowuşdy.

Şu ýylyň awgust we noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu goşmaçalar döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilen akkumulýator önümlerini hem-de harytlary ýerlemek baradaky kanunçylyk namalaryna degişlidir. Žurnalyň okyjylary bu kanunlar bilen içgin tanşyp bilerler.

Žurnalda çap edilen makalalaryň hatarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde salgyt- hukuk gatnaşyklarynyň hukuk kepillikleri baradaky seljerme makalany görkezmek bolar, onda türkmen döwletiniň durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşine ýardam berýän täze kadalaşdyryjy namalaryň işlenip düzülýändigi nygtalýar.

Emläge salgyt tölemek hem-de görkezilen şertnamalaryň birnäçe düzgünleriniň ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler “Teswirnamalar” diýen sözbaşy bilen ýerleşdirilen makalalaryň birinde beýan edilýär. Hususan-da, bu makalada Salgyt kodeksiniň 18, 139, 146-njy maddalarynyň we Raýat kodeksiniň maddalarynda bellenilen düzgünler jikme-jik düşündirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet salgyt gullugynyň hünärmenleri tarapyndan ýörite makala taýýarlanyldy, onda hususy telekeçilige degişli bolmadyk şahsy taraplary, şeýle hem zähmet şertnamasy ýa-da raýat-hukuk häsiýeti (şol sanda daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyklar) boýunça işlemeýän we hyzmatlary ýerine ýetirmek işleri ilen meşgullanýan şahsy taraplary salgyt töleýjiler hökmünde hasaba almagyň tertibine düşündiriş berilýär. Şeýle hem okyjylar gözegçilik-kassa enjamlaryndan peýdalanmak boýunça düşündirişler bilen tanşyp bilerler.

Žurnalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistana satmak maksady bilen getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri, şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen nyşanlamak hakyndaky ýörite Kararyna bagyşlanan makalany bellemek gerek. “Sowallar-jogaplar” bölüminde ýerleşdirilen düşündirişler raýatlardan salgyt gulluklaryna ýygy-ýygydan gelip gowuşýan soraglar esasynda ýüze çykýan jedelleri çözmek maksady bilen taýýarlanyldy. Her bir anyk ýagdaý boýunça salgyt kanunçylygynyň maddalaryna degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna salgylanylyp giňişleýin jogap berilýär.

Umuman, neşir edilip başlanylmagyna bir ýyl dolan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, gysga döwrüň içinde onuň okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny bellemek gerek. Maglumat-seljeriş žurnalynyň üstünligi diňe bir onuň okyjylara salgyt ulgamyna girizilen üýtgetmeler barada giňişleýin düşünje berýändigi bilen däl-de, ýokary derejeli hünärmenleriň maslahatlaryny almaga döredýän mümkinçiligi bilen hem baglydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň