Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk syýasaty—halkara metbugatynyň üns merkezinde

0
497
1
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara we sebit forumlarynyň belent münberlerinden öňe sürýän, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmäge, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen netijeli başlangyçlary we oňyn pikirleri dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar.

Ynha, Nýu-Deli (Hindistan Respublikasy) şäherinde neşir edilýän hem-de Aziýa sebitiniň ýurtlarynda we onuň çäklerinden daşarda ýaýradylýan “Business Central Asia” halkara žurnaly hem nobatdaky sanyny Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny giňden we dabaraly belläp geçen Garaşsyz Türkmenistana bagyşlady. Neşiriň sahabyny Garaşsyz döwletimiziň sütünleriniň mizemezliginiň, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we ynsanperwerligiň maksatlaryna ygrarlylygynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasy bezeýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan durmuş ugurly içeri syýasaty, Türkmenistanyň  ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmäge tarap ýolda maksada gönükdirilen hereketi “Business Central Asia” žurnalynyň  okyjylarynda uly gyzyklanma döretjekdigi şübhesizdir.

Makalalarda bellenilişi ýaly, dünýäniň iri energiýa serişdelerini öndürýän we iberýän döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň ýokary derejede beýan eden başlangyçlary energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge uly itergi berip, XXI asyrda ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň çeýe we halkara-hukuk usulyny döretmegiň başyny başlady.

 “Business Central Asia” žurnalynda giň halkara ykrarnamasyna eýe bolan hem-de häzire çenli türkmen halkynyň  buýsanjy bolan  türkmen halylarynyň we  ahalteke bedewleriniň şöhratly köpasyrlyk taryhyna uly ünsüň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru