Arhiw

Hepdäniň tehnologiýa täzelikleri

23:4627.12.2015
0
5287

“LG” TÄZE NESIL UGRUNDA

Tehnologiýa äleminde telewizorlaryň önümçiliginde belli bir derejede şowlulyk gazanan, emma mobil dünýäsinde seýrek duş gelýän maýyşgak ekran aýratynlygyny “LG” şereketi täze nesil telefonlarynda ýene-de müşderilerine hödürlemegi meýilleşdirýär. Ýakynda şereket käbir sebäplere görä özüniň maýyşgak ekranly “Flex” nesline degişli telefonlarynyň önümçiligini bes edýändigini habar beripdi. Bu habaryň mälim edilenine köp wagt geçmändigine garamazdan, bu ugurda täze bir habar köpleriň ünsüni özüne çekdi. “Flex” nesliniň önümçiligini bes etmek bilen maýyşgak ekranly telefonlar bazaryndan düýpli çykmagyna garaşylýan şereketiň, aslynda bu ugurda başga meýilnamasynyň bardygy mälim edildi. Ygtybarly habar beriş çeşmeleriniň aýtmagyna görä, “LG” şereketi maýyşgak ekrana eýe bolan täze görnüşli smartfonlaryny öndürmegiň üstünde iş alyp barýar. Emma, bu ýerde esasy aýratynlyk “Flex”-iň daşky gabyny hem maýyşgak görnüşde öndüren şereketiň täze nesil enjamlarynda, daşky gabyny tekiz, ekrany bolsa maýyşgak görnüşde hödürlemegi niýet edinýändigi bilen baglydyr. Bu maglumatlar esasynda şereket tarapyndan nähili bir smartfonyň müşderilere hödürlenjekdigi baradaky gyzyklanma has-da artan bolsa gerek. “Flex” nesli bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk bu täze nesil smartfonlaryň “LG” üçin “täze eýýamy” açmak mümkinçiligi hem orta atylýar. Häzirki wagta çenli müşderilerine haçan ýetiriljekdigi mälim edilmeýän syrly görnüş hakynda ýakyn günlerde has köp maglumatlaryň berilmegine garaşylýar.

TIGIRLER KÄMILLEŞÝÄR

 Adamlaryň gyzyklanmasyny özüne çekmekde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan “Uniwheel” şereketi tarapyndan berlen maglumata görä, öz deňagramlylygyny üpjün edip bilýän, elektrik togy arkaly herekete gelýän ýeke tigirli ulagyň ýakyn wagtda satuwa çykarylar. Dünýäniň iň ýeňil elektrik ulagy hökmünde önümçiligine badalga beriljek bu tigir uçarlarda hem ýanyňda äkidip bilmek mümkinçiligine hem eýe bolar. Çünki, mundan ozalky öndürilýän şeýle ulaglardan tapawutlylykda, munda batareýasyny zerur bolmadyk halatynda öçürmek üçin şert göz öňünde tutulypdyr. “Uniwheel”-ň täze ulagy barada şereketiň dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy Stiw Miltonyň bellemegine görä, ulaglaryň deňagramlylygynyň saklanylmagynda ulanylýan ugur görkeziji arkaly “Uniwheel” hereket edýän wagtynda öňe ýa-da arka tarapa ýykylmaýar. Şeýle hem bu ulag ulanyjynyň beden hereketleriniň netijesinde ýeňillik bilen hereketlenip bilýär ýa-da saklanyp bilýär. Ol kompýuterleşdirilen ugur görkezijisi arkaly ulanyjynyň hereketine görä, zerur iş tertibini awtomatik usulda saýlaýar. Uly şosselerde dyknyşyga düşmezden erkinligi we rahatlygy üpjün edýän ýeke tigirli ulagyň tehniki aýratynlyklary hökmünde 10,8 kg-lyk agramyny, 16 inç ölçegli tekerini, 150 wattlyk litiý esasly batareýalaryny, “Uniwheel app” esasyna baglylykda işleýän “Bluetooth 4.0” ulgamyny, aýdyň şöhleli led çyrajyklaryny aýtmak bolar. 1500 W kuwwatlykdaky hereketlendirijisiniň kömegi bilen 22km/sagat tizlige çykyp bimegi hem-de 120 km agramy göterip bilmegi hem ulagyň mümkinçilikleriniň hatarynda bellenilýär.

“HTC VIVE” MÜŞDERILERINE GOWŞAR

Tehnologik enjamlary öndürmekde giňden tanalýan “HTC” şereketiniň “Valve”  şereketi bilen şertnama baglaşmagy netijesinde önümçiligini ýola goýmagyna garaşylýan “HTC Vive” atly “hyýaly dünýä äýnegine” köp wagtdan bäri uly gyzyklanma bildirilýärdi. Ýakynda täze ýylyň ilkinji günlerinden müşderilerine gowuşjakdygy mälim edilen äýnege degişli maglumatlar gelmegini dowam edýär. Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen “Vive Unbound” tehnologik forumunda çykyş eden şereketiň ýolbaşçysy Çer Wangyň aýtmagyna görä, Las-Wegasda geçiriljek “Dünýä Mobil Kongresi 2016” şüweleňinde HTC özüniň täze üýtgeşmeleridir aýratynlyklary bilen bäsdeşlerini haýran galdyrjak “HTC Vive” äýnegi arkaly muşdaklaryny begendirmegi meýilleşdirýär. Ýanwar aýynyň başynda geçirilmegine garaşylýan şüweleňde täze dizaýny bilen ulanyjylaryna gowuşmagyna garaşylýan bu äýnek öz aýratynlyklary bilen köpleriň söýgüsini gazanmagy başarar. Şeýle hem, şereketiň ýolbaşçysy täze enjamlarynyň mümkin boldugyça ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek ugrunda iş alyp barýandygyny, mümkinçiliklerini artdyrmak üçin äýnege goşulan täze aýratynlyklaryň hasabyna, enjamyň satuw babatynda ýokary girdejä garaşýandyklaryny hem mälim etdi.

 

“MICROSOFT” “TALKO” – NY SATYN ALDY

“Microsoft” soňky iki ýylyň içinde dürli görnüşli mobil şereketlerini “ýuwutmagyny” dowam etdirýär. Ýakynda Bill Geýtsiň kompaniýasy ýene-de bir şereketi – habarlaşma tory “Talko”-ny satyn aldy. Microsoft “Talko” aragatnaşyk torunyň tehnologiki aýratynlyklaryny “Skype” we “Skype for Business” torlary üçin peýdalanmagy meýilleşdirýär. Şereketiň bu niýeti amala aşan ýagdaýynda “Talko” edara-guramalara we müşderilerine göni sesli gepleşik gurmak mümkinçiligini üpjün eder. Bulut görnüşli dizaýnda şekilli gepleşikleri alyp barmak aýratynlygyny özünde saklaýan aragatnaşyk toruna gysga wagtyň içinde, öz üstünden geçen ähli gepleşikleri ýatda saklap bilmek mümkinçiligi ornaşdyrylar. Uly guramalar we kärhanalar üçin has işjeň ulanylýan habarlaşma tory bolan “Talko”, “Skype for Business” ulgamynyň ösdürilmegi üçin hem esasy aragatnaşyk serişdesi bolmak mümkinçiligini özünde saklaýar. Öňümizdäki birküç aýyň içinde öz işini tamamlamagy göz öňünde tutulýan “Talko”-nyň mümkinçiliklerini “Microsoft”-yň öz maksatlaryna görä guramagy netijesinde “Skype” we “Skype for Business” torlarynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna garaşylýar.

“ASUS”- DAN ÇARÇUWASYZ MONITOR

Tehnologiki enjamlar bazarynyň öňdebaryjy şereketlerinden biri bolan “ASUS” daşky görnüşi hem-de ygtybarlylygy babatda tapawutlanýan täze nesil monitoryny resmi ýagdaýda mälim etdi. Müşderilerini göz gamaşdyryjy ajaýyp görnüşe eýe bolan täze enjamy – “MX25AQ” monitory bilen begendirmegi niýet edinen şereket bu niýetine gowuşdy. Şereketiň çarçuwasyz, ajaýyp daşky görnüşi hem-de ulanylyş oňaýlylygy bilen tapawutlanýan enjamy ulanyjylaryň uly söýgüsine mynasyp boldy. Bu monitor çarçuwasyz daş görnüşi bilen bir hatarda, dürli mümkinçilikleri hem özünde jemlemegi başardy. 25 inç ululygynda 2560 x 1440P ölçegli “AH-IPS” ekrana eýe bolan monitor 1 mm galyňlygyndaky ekran çarçuwasy bilen ünsi çekýär. 100,000,000:1 kontrast ölçegli takyklyga eýe bolan monitoryň ekrany 5 ms garşylyk we 178 derejelik görkezme meýdanyny hödürleýär Monitoryň ýokary hilli şöhle saçma derejesinde ýasalan ekrany şol bir wagtda titremeleri azaltmak üçin niýetlenen we gözi zyýanly mawy yşykdan goraýan “Flicker-free” - gorag ulgamyndan ybaratdyr. Ses ulgamy babatda hem ýokary hilli derejä eýe bolan monitorda bu ulgam “ICEPower/Bang&Olufsen Technology” kompaniýasynyň enjamlary arkaly gurnalandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň