Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy

09:0127.12.2015
0
2383

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, nebit koksyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk däne, nah ýüplügi, pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 66 million 808 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Slowakiýadan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler jemi bahasy 17 million 347 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, saruny satyn aldylar.

“Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň