Soňky habarlar

Arhiw

Köşi ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ýedisi ulanylmaga berildi

10:1025.12.2015
0
3545

24-nji fewralda Aşgabadyň Köşi ýaşaýyş toplumynda dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýedisi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga tabşyryldy. Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ak mermerli binalar şäheriň şu künjeginde ýaşaýyş toplumynyň kemala getirilmeginiň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.

Ýokary amatlylygy bolan öýler şeýle binalara bildirilýän talaplaryň hemmesine laýyk gelýär. Göçüp gelen bagtyýar ýaşaýjylaryň öňünde gurnalan mebeller, häzirki zaman aşhana enjamlary, oňaýly howa ýagdaýyny saklamagyň ulgamy bilen enjamlaşdyrylan öýleriň   gapylary giňden açyldy. 

Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr. Olar  ýaşyl zolaga bürelip,   çagalar hem-de sport meýdançalary, toý dabaralaryny geçirmek we sadakalary bermek üçin ýerler gurnalypdyr, şeýle hem üsti bassyrmaly awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.

Ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edilen jaýlar zerur durmuş desgalary göz öňünde tutulan Köşi iri ýaşaýyş toplumyna sazlaşykly goşuldy. Şeýle desgalaryň sanynyň üstüni şu gün 160 orunlyk çagalar baglarynyň ýene-de biri ýetirdi. Ol täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda guruldy.

Umumy 12 müň inedördül metr meýdanda ýerleşen ak mermerli çagalar şäherçesi esasy iki gatly toplumdan hem-de tehniki binalardan, şol sanda durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamy üçin binalardan ybaratdyr. Ertekilerdäki gahrymanlaryň owadan bezelen şekilleri hem-de ajaýyp mebel, owadan bezegler körpeleriň göwnüni göterer. Okuw we oýun otaglary, oňaýly hem-de rahat ýatylýan otaglar ajaýyp enjamlaşdyrylypdyr.

Açyk howada gezelenç etmek körpeleriň saglygyny berkitmäge hyzmat eder. Çagalar bagynyň töweregi bagy-bossanlyga bürelipdir, şol ýerlerde owadan telärler, oýun meýdançalary hem-de kiçijik binagärlik şekiller ýerleşdirilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň