Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

13:3624.12.2015
0
7773

23-nji dekabrda Türkmenistanyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan we  täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramçylygynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.

 “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada guralan belent başly arça özüniň älemgoşar öwüşginini çar ýana saçdy. Bu ýerde gurlan şäherçäniň merkezindäki meýdançada 37 metrlik arça baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Onuň dik depesinde sekizburçly ýyldyz bolup, arçanyň merkezi böleginde dürli yşyklardan 2016 ýazgysy ýerleşdirilipdir. Köp sanly  yşyklaryň, dürli oýnawaçlaryň we bezeg serişdeleriniň öwüşgini bilen haýran galdyrýan baş arçanyň daş-töwereginde ak garly, ýaşyl donly kiçiräk arçalar oturdylypdyr.

Arçanyň ýanynda onuň yşyklarynyň ýakylmagyna we baýramçylygyň baş gahrymanlarynyň gelmegine garaşyp duran aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary folklor hem-de tans toparlarynyň, baýramçylyk lybaslaryna giren sirk we teatr artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edýärler.

«Täze ýyl» atly erteki-dabara bu ýerdäki aýdym-sazly çykyşlary öz içine aldy. Oňa ýurdumyzyň belli artistleri we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olaryň arasynda “Şatlyk”, “Akpamyk”, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzjagaz” we beýleki belli çagalar tans toparlary, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň hem-de Döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Döwlet sirkiniň şadyýan ýomakçylary hem-de hokgabazlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň çakgan akrobatlary bar.

 “Älem” medeni-dynç alyş merkezine ýanaşyk gurlan, täze “Bagtyýarlyk” seýilgähiniň meýdançalarynda hem baýramçylyk çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu seýilgähiň ajaýyp baglary hem-de gül- gunçalary täze ýyl zerleriniň öwüşgini, baýramçylyk yşyklarynyň ýalkymy bilen has-da täsin görnüşe eýe bolýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň