Türkmenistanyň Prezidenti “Rosneft” döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

0
894
2
0

23-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Seçini  kabul etdi. Duşuşyk "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçirildi.

Myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy  “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.  Şeýle hem ol Türkmenistanyň amala aşyrýan bu düzüm taslamasynyň ilkinji däldigini nygtap, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini belledi. “Rosneft” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bularyň ählisi Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri hem-de dünýä bazarlaryndaky işjeňliginiň mysalydyr.

Türkmen Lideri gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan özüniň ägirt uly serişde gorlaryny halkara ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň bähbidine peýdalanmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika pudagynda dünýä bazarynyň energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegine barha ösýän isleglerini hasaba almak bilen, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Igor Seçin özüniň ýolbaşçylyk edýän “Rosneft” döwlet nebit kompaniýasynyň ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwata eýe bolan biziň ýurdumyz bilen iri möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, deňhukuklylyk, özara bähbit esasynda guralýan hem-de okgunly ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru