Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýalar toparynyň baştutanyny kabul etdi

09:3824.12.2015
0
3505

23-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde “Petronas” kompaniýalar toparynyň prezidenti we ýolbaşçysy Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman şu ýyllaryň dowamynda özara ynama, uzakmöhletleýin geljege hem-de iki tarapyň hem bähbidine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Petronas” kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny özleşdirmäge girişen ilkinji daşary ýurt kompaniýasydygyny bellemek gerek.

Kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge islegini hasaba almak bilen, nebitgaz pudagy üçin orta tehniki işgärlerden ýokary hünärli inžener we ýolbaşçy düzümiň hünärmenlerini taýýarlamaga çenli möhüm ugurda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. “Petronasyň” tehniki uniwersitetiniň binýadynda türkmen talyplarynyň onlarçasy okadyldy we häzirki wagtda okaýarlar, bu kompaniýa Malaýziýada okamaga isleg bildirýänleriň sanyny geljekde hem artdyrmaga taýýardygyny birnäçe gezek beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň