Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy şäherinde täze döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi

01:4123.12.2015
0
1668

22-nji dekabrda Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça hususy kärhana tarapyndan gurlan 4 gatly, 24 öýli jaýyň açylyş dabarasy boldy.

Ýaşaýyş jaýynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 2, 3 we 4 otagly  öýler bolup, iki girelgeli jaýlaryň her haýsynda öýleriň 12-si ýerleşdirildi. Öýleriň ýaşaýyş we kömekçi otaglary döwrebap ýokary tehnologik serişdeler bilen timarlandy. Asma üçekler, parket pollar hem-de mebelli we gaz plitaly aşhanalar öňde oňaýlylygy we amatlylygy döredýär.

Jaýyň howlusynda pyýada ýodalar çekilip, dynç almak üçin ýerler, çagalar üçin meýdançalar hem-de basketbol, woleýbol we kiçi futbol oýnamak üçin köpugyrly meýdança guruldy. Jaýyň daş-töweregi pürli agaçlara hem-de gök otly aýmançalara beslendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň